Kanunçylyk

Adalat jemgyýeti ― iň kämil jemgyýet

07-06-2023 / 9

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilen özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň konstitusion hukuk binýady, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler kemala getirildi we onuň jemgyýetçilik-syýasy hem-de kanunçylyk-hukuk esaslary döredildi.

Kanun çykaryjy edaranyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän özgertmelerini kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, milletiň saglygyny we daşky gurşawy goramaga, ylmy goldamaga hem­-de bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda tertip-­düzgüni, durnuklylygy we howpsuzlygy kepillendirmäge gönükdirilen kanunçylygy kämilleşdirmäge saldamly goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň kanunçykaryjylyk bilen baglanyşykly öňde goýýan wezipeleri, berýän gymmatly maslahatlary ýurdumyzy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik kärhanalaryny we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek bilen baglanyşykly dürli ugurlarda kanunçylygy kämilleşdirmäge, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde durýan wezipeleri çözmäge ýardam edýär.

2007-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Karary kabul etdi. Şol Kararyň esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli kanunçylygynda düýpli özgertmeleriň döwri başlandy.

Ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär.

Umuman, hukuk-kanunçylyk namalarynyň jemgyýet bilen jebislikde kämilleşdirilmegi, raýatlaryň ösen islegleriniň hut ýurtda amala aşyrylýan iri syýasy, ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynda nazara alynmagy jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, bagtyýarlygynyň baş kepilidir.

Ihtiýar SEÝIDOW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu