Siziň üçin...

Başlangyç bilimiň ähmiýeti

01-06-2023 / 5

Başlangyç synplarda çagalara berilýän bilimiň, terbiýäniň netijeli bolmagy üçin, ilkinji nobatda, mugallymyň baý iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň daş-töweregindäki zatlara göz ýetirmeginde, olaryň aň-düşünjesiniň, ukyp-başarnygynyň ösmeginde öwrediji oýunlaryň uly ähmiýeti bar.

Körpeliginden höwes bilen oýnaýan oýunlary çaga durmuşynyň bir bölegi bolup durýar. Mugallym dürli oýunlary guraýarka, ünsli gözegçilik etse, her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlygyny — gylyk-häsiýetini, zehinliligini, başarnygyny ýüze çykaryp biler.

Okuwçylar oýun oýnanlarynda olaryň göz öňüne getirmek ukyby ösýär. Aslynda, çagalar köplenç öz hyýaly pikirleriniň dünýäsinde ýaşaýarlar. Olaryň oňat göz öňüne getirmegi hakyky durmuş tejribesi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Elbetde, bu ýagdaýda çaganyň göz öňüne getirmek ukyby uly adamlaryňka garanyňda ýönekeýdir.

Oýunda kämilleşmek bilen, çagalaryň pikirleniş, sözleýiş ukyplary ýüze çykyp başlaýar. Aýratyn-da, bu ukyp surat çekmekde, ertekileri gürrüň bermekde, goşgulary labyzly okamakda ýokarlanýar. Bu ýagdaýda çagalar oýundaky ýaly, ilkibaşda suratlardaky şekilleri göz öňüne getirip, olary kabul etmek arkaly beýan edýärler.

Körpe nesli terbiýelemekde ertekiler hem uly ähmiýete eýedir. Ertekileriň gahrymanlarynyň ýokary ahlak sypatlary, halallyk, lebizlilik, wepadarlyk we beýleki ynsanperwer häsiýetleri çagalarda uly täsir galdyrýar, olarda şol häsiýetleri ýaşlykdan kemala getirmäge ýardam edýär.

Gülnar KURBANIÝAZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu