Siziň üçin...

Merw hakynda taryhy eserler

30-05-2023 / 16

Arap we pars dillerinde ýazylan orta asyr ýazuw çeşmelerinde Merw barada gymmatly maglumatlar berilýär. Onuň orta asyrlardaky ýagdaýy barada bu şähere gelen arap, pars alymlary Istahry, Makdisi, Ýakut Hamawy, Ibn Esir we beýlekiler öz işlerinde ýatlapdyrlar. Bu şäher barada aýratyn köp maglumatlary IX-X  asyrlaryň geografik arap ýazuw çeşmelerinde tapmak bolýar. Mysal üçin, dünýäniň köp ýurtlaryna, şol sanda Eýrana, Merkezi Aziýa, Hindistana we Hytaýa syýahat eden IX asyryň meşhur arap taryhçysy we geografy al-Ýakubyň «Kitap al-Buldan» («Ýurtlar hakynda kitap») atly işinde Merw barada gymmatly we täsin maglumatlar bar. Ol Merwiň Horasanda iň meşhur şäherdigi barada ýazýar.

X asyryň meşhur «Hudud ul-Älem» («Dünýäniň serhetleri») kitabynda Merwiň iri şäherdigi we gadymy döwürlerde Horasan hökümdarynyň köşgi bolandygy barada habar berilýär. Merw taryhda gadymy iri şäher bolmak bilen belli çäklenmän, eýsem, onuň meşhur kitaphanalary hem dünýä alymlaryny özüne çekipdir. IX asyryň aýaklarynda we X asyryň başlarynda halyf Harun ar-Reşidiň özi dünýäde seýrek duş gelýän kitaplary okamak üçin Merwe birnäçe gezek gelipdir.

Merwiň belli kitaphanalary barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Merw kitaphanalary barada arap alymy Ýakudyň: «Men Merwden çykyp gaýdanymda bu ýerde uly kitaphanalaryň 10 sanysy bardy. Men bütin dünýäni aýlanyp, şular ýaly baý hem ajaýyp kitaphanalary görmedim … Meniň ol kitaplara bolan söýgim ähli şäherleri ýatdan çykarmaga mejbur etdi. Olar meniň ünsümi, hatda maşgalamdan we çagalarymdan hem kesä sowýardy» diýen ýatlamalary mysal getirmek isleýärin». Ýakudyň bu sözleri orta asyryň kuwwatly şäheri bolan Merwiň at-abraýynyň juda ýokary bolandygyny subut edýär.

Merw Beýik Seljukly türkmenleriň imperiýanyň paýtagty bolmak bilen, ol ep-esli wagtlap musulman dünýäsinde Bagdatdan soňky ikinji derejeli ylmy we medeni merkez hasaplanypdyr. Munuň şeýledigine, eger halyfatyň paýtagty Bagdady göz öňünde tutmasaň, orta asyrlar döwründe Yragyň, Eýranyň, Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň möhüm ylmy we medeni merkezleri bolan Reý, Nişapur, Balh, Hyrat, Gazna, Buhara, Samarkant, Köneürgenç ýaly şäherleriniň hiç birinde Merwdäki ýaly köpsanly kitaphanalaryň döredilmändigine göz ýetirýärsiň. Ýakudyň mysalynda görşümiz ýaly, Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary ylym-bilmiň ösmegine uly itergi beren ylmy ojaklar bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde olar türkmen ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň hem naýbaşy sahypalaryny emele getirýärler.

Rahym HUDAÝBERENOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu