Okuw esbaplarynyň arasynda göwrümi kiçi hem bolsa, uly işleri bitirýän galam artgyjyň nähili peýda bolanlygy hemmämize gyzykly bolsa gerek. Onuň döreýşiniň özboluşly taryhy bar.
Gadymy döwürlerde, galamyň özi ýaňy oýlanyp tapylan mahaly, onuň ujuny ýiteltmek üçin adaty pyçagy ulanypdyrlar. 1828-nji ýylda fransiýaly Bernard Lassimon ilkinji bolup galam artgyjy oýlap tapanlygyny ykrar edýän rugsatnamany alýar. Kiçijikligine garamazdan uly işleriň başlangyjy bolup bilýän bu enjam gysga wagtyň içinde kämilleşdirilýär. 1844-nji ýylda Terri des Istwo ilkinji mehaniki galam artgyjy oýlap tapýar. Ol bu açyşy üçin 1865-nji ýylda rugsatnama alýar. Şol döwürler “Eureka” atly şereket 1860-njy ýyllaryň ortalarynda öňki galam artgyçlardan göwrümi boýunça has kiçijikligi bilen tapawutlanýan galam artgyjy öndürmek üçin rugsatnama alýar. 1880-nji ýyldan soňra bu enjamyň dürli görnüşdäkileri ýaýrap başlaýar. Her näçe geň hem bolsa, 1917-nji ýylda iş ýerlerinde ulanmak üçin elektrik energiýasy bilen işleýän galam artgyç hem peýda bolýar. Ilkinji galam artgyçlaryň içki gurluşy barada aýdylanda, 6-dan 30-a çenli päkileri bolupdyr.
1897-nji ýylda Jon Law “Love” atly galam artgyjyň rugsatnamasyny alýar. Şol döwre çenli öndürilen galam artgyçlar ýa gaty gymmat, ýa-da çylşyrymly hem uly bolupdyr. Jon Lawyň ýasan enjamy bolsa, ýönekeýligi we kiçiligi bilen tapawutlanypdyr. Ol biziň häzirki ulanýan galam artgyçlarymyza meňzeş bir päkili ilkinji galam artgyç bolupdyr.
Merjen ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.