
Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň kämilleşmegi ynsan durmuşyny görnetin ýeňilleşdirdi. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem maglumatlaryň ygtybarly goralmagy döwletiň hem-de jemgyýetiň abadançylygynyň esasy şertleriniň biridir. Maglumatlary goramak bolsa «kiberhowpsuzlyk» diýlip atlandyrylýan ýörite ylma öwrüldi.
Kiberhowpsuzlyk — munuň özi internete birikdirilen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we maglumatlaryň sanly dünýädäki howplardan goralmagydyr. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary her bir adamyň şahsy maglumatlaryny goramakdan başlap, işewürlik we ylmy syrlary goramak, edara-kärhanalaryň hem-de gulluklaryň kadaly işini üpjün etmek ýaly köp ugurlarda peýdalanylýar.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, bu gulluk döredilipdi. Geçen ýyllardan bäri maglumat howpsuzlygyny döretmek ugrunda ÝHHG bilen bilelikde işjeň iş alnyp barylýar.
Häzirki wagtda «2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Döwlet kiberhowpsuzlyk maksatnamasy» durmuşa geçirilip başlandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde diýen ýaly kiberhowpsuzlyk fakulteti bar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Maglumat howpsuzlygynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Sanly ulgam merkeziniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işi ýola goýlup, döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi degişli ugruň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etdi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň internet ulgamyndaky wehimleriň öňüni almakda, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmeginde ähmiýeti uludyr.
Merdangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Kiberhowpsuzlyk we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy.