Gadymy Merw ekerançylygyň irki mesgenidir. Rus alymy Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda gazuw-agtaryş işleri gecirilende, Marguşyň paýtagty Goňurdepeden şol döwre degişli zähmet gurallarynyň birnäçe görnüşi tapyldy.
Bu zähmet gurallary türkmen topragynda bürünç eredýän peçleriň bolandygyna, şol peçlerde öý hojalygyna degişli zähmet gurallarynyň ökdelik bilen ýasalandygyna şaýatlyk edýär. Bürünçden ýasalan pil, kätmen, teşe ýaly zähmet gurallary häzirki döwürde Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologiýa bölüminde saklanylýar.
Marguş ýurdundan bürünç asyryna degişli tapylan uly humlaryň içinde ak bugdaýyň dänesiniň bolmagy bolsa eýýäm şol döwürde ekerançylygyň hem gülläp ösenliginiň subutnamasydyr. Irki döwürlerde ata-babalarymyz şol döreden zähmet gurallary bilen bugdaý, arpa süle ýaly däneli ekinleri we üzümiň her hili görnüşlerini ekipdirler. Şol ýerden gawun çigidiniň tapylmagy ata-babalarymyzyň bakjaçylyk bilen hem meşgullanandyklaryna güwä geçýär.
Orta asyrlarda Merwiň Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi söwdanyň ösmegine getiripdir. Söwdagärler türkmen gawunlaryny, ondan ýasalan sökdür kaky, örän tagamly garpyzlary, ondan gaýnadylan toşaby daşary ýurtlara äkidipdirler. Murgap derýasynyň suwy bilen suwarylyp ýetişdirilen üzümleriň hoşasy örän bereketli bolupdyr. Türkmen topragynda VI-VII asyrlarda jykyr peýda bolýar. Ussalar jykyryň ululy-kiçili görnüşlerini ýasapdyrlar hem-de onuň bilen öz ekerançylyk ýerlerini suwarypdyrlar.
Hakberdi GULÇAROW,
Merjen AKYÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň talyplary.