26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Diýarymyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Halkymyz gallany azyk önümleriniň naýbaşysy, saçaklaryň berekedi, abadançylygyň baş şerti hasaplaýar. Çörege mukaddeslik hökmünde garalýandygyna gadymy däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Guşgursak bugdaýyň bolçulygyny döretmek işinde daýhanlarymyza döwletimiz tarapyndan giň goldaw berilýär. Bugdaýyň döwlet satyn alnyş nyrhynyň ýokarlandyrylyp durulmagy, oba hojalyk pudagynyň önümçilik-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, ýer eýeleriniň dökün, suw, himiki gorag serişdeleri bilen doly üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň elýeterli bolmagy üstünlikleriň berk binýadyny emele getirýär. Şeýle çemeleşme oba adamlarynyň bereket bolçulygyny döretmäge bolan höweslerini has artdyrýar. Munuň şeýledigine ýetip gelýän galla oragyna taýýarlygyň derejesine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirmek mümkin.
Galla oragy gysga wagtlyk bolsa-da, örän jogapkärli möwsümdir. Ýetişdirilen gymmatly hasyly yrýa etmän ýygnap alyp, ammarlara daşamak we abat saklamak işleri ýokary sazlaşykly, utgaşykly guramagy talap edýär.
Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.