Siziň üçin...

Meň elim däl, Babadaýhanyň eli…

29-05-2023 / 4

Il arasynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen aýtgy bar. Dogrudan hem halkyň azyklyk önümleriniň esasy öndürijisi bolan daýhanyň galkynmagy, onuň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi ýurduň ösüşine itergidir.

Zandy zähmete ýugrulan merdana daýhanlarymyz sanlyja ýyllaryň içinde hem özlerini, hem döwletimizi galkyndyrdylar. Galla we pagta ýygnamakda her ýylky döwlet borçnamalarynyň artygy bilen ýerine ýetirilişini synlanyňda bolsa mele ýere merdem yhlas siňdirýän ekerançylarymyzyň entek kän-kän üstünlikli menzillere ýetjekdigine çyn ýürekden ynanýarsyň.

«Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýen paýhasy ýörelge edinen ýer eýeleri bu gün çeken halal zähmetiniň rehnetini görýär. Ekişe «Meň elim däl, Babadaýhanyň eli» diýip başlaýan oba zähmetkeşlerimiz arly ýyllap mele ýere maňlaý deri bilen birlikde, çirksiz yhlasyny hem siňdirýärler. Daýhançylyk — halalhon türkmeniň gadymdan bäri meşgullanyp gelýän kesp-käri. Bu arassa kär elmydama-da ynsana uly abraý getiripdir.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlary hem daýhançylyga ugrukdyryň, höweslendiriň!» diýen sargydyna eýerýän ýaşlarymyz gadymy ekerançylyk ýörelgelerine, daýhan pederlerimiziň däplerine beýik söýgi bilen seredýärler. Ak patraga çalym edýän pagta meýdanlaryna aýlanyp, «ak altyny» ýetişdirmekde we isripsiz ýygnamakda işjeň gatnaşýan ýaşlary göreniňde, zähmetsöýer nesliň kemala gelýändigine buýsanýarsyň. Olara ömrüni ekleýji topraga baglan tejribeli kärendeçiler, daýhanlar, ýer eýeleri ýol-ýörelge görkezýärler.

Aýlar YLÝASOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu