Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Esasy Kanunymyzyň 35-nji maddasynda her bir adamyň erkinlige we şahsy eldegrilmesizlige hukugynyň bardygy beýan edilýär. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza we halkara ýörelgelere esaslanýan möhüm ulgamyny ösdürmegiň gözbaşynda durýar. Ondaky ýörelgeleýin kadalar kanunylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, deňhukuklylyk, demokratiýalaşmak, halk häkimiýetliligi ýaly häzirki zamanyň umumy jemgyýetçilik-syýasy düşünjeleriniň jemini emele getirýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde — 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2008-nji we 2016-njy ýyllarda birnäçe döwrebap konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Olaryň her biri ýurduň Esasy Kanunynyň aýry-aýry düzgünleriniň manysyny ösdürdi we baýlaşdyrdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kanunyň hökmürowanlygyna, adalatly we ynsanperwer jemgyýetiň has-da ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Durmuşa geçirilen hukuk özgertmeleri döwlet häkimiýetiniň halk bilen mizemez jebisligini alamatlandyryp, hukuk döwletiniň häzirki zaman we toplanan tejribesine doly laýyk gelýär. Konstitusiýa döwletiň syýasy, hukuk we ykdysady ulgamlarynyň gurluşynyň esaslaryny kesgitleýär.
Zubeýda BAÝRAMDURDYÝEWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.