Kompýuter — häzirki zaman dünýäsinde iň ygtybarly we derwaýys enjamlaryň biridir. Onuň derwaýyslygy islendik işi wagt ýitirmezden, tiz ýerine ýetirmäge ukyplylygy bilen ölçenýär.
Geçen asyrlarda akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar çylşyrymly hasaplamalary amala aşyrmaly bolanlarynda, köp wagt sarp etmeli bolupdyrlar. Häzirki ösen zamanada bolsa, bary-ýogy sähelçe wagtyň dowamynda ýüzlerçe amallary ýerine ýetirip bolýar.
Meşhur matematik Eýler asman jisimleri bolan kometalaryň traýektoriýalaryny, Lewer Neptun planetasynyň traýektoriýasyny we Uran planetasynyň hereketini hasaplamak üçin birnäçe ýylyny sarp edipdirler. Kompýuterler bolsa bu hasaplamalary sanlyja minutyň içinde ýerine ýetirmäge ukyply. Kompýuterleriň kömegi bilen häzirki döwürde emeli hemralaryň hereketine gözegçilik etmekde uly işler alnyp barylýar.
Biz ylmyň gazananlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe kompýuterleri matematiki däl meseleleri çözmek işlerinde hem giňden peýdalanylýar. Meselem, demir ýol ulgamynda otlynyň, şaýollarda awtoulaglaryň, asman giňişliginde uçarlaryň, deňiz-derýa ýollarynda gämileriň hereketine gözegçilik etmek işleri kompýuteriň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Arslan KURANOW,
TOHI-niň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.