
Watanymyzyň we dünýä halklarynyň häzirki asudalyk döwrüni, parahatçylyk söýüjilik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan Beýik Ýeňiş güni ýurdumyzda uludan bellenip geçilýär.
Ynsan kalplarynyň çuňlugyndan orun tutan taryhy sene mynasybetli hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli künjeklerinde medeni çäreler, dabaralar, duşuşyklar ýaýbaňlandyrylýar. Parahatçylyk ugrunda söweş meýdanlarynda baş goýan gerçekleriň ýadygärlikleri hatyralanyp, paýtagtymyzda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň milli gahrymanlaryna bagyşlanyp esaslandyrylan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda we ýurdumyzyň etraplarynda , şäherlerinde Watan ogullarynyň hatyrasyna bina edilen ýadygärliklere gül goýmak dabarasy giň gerime eýe bolýar. Şol gün ýurdumyzyň ýadygärlik toplumlary watansöýüjilik duýgularynyň örän beýikdigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýän ýakymly ýaz güllerine bürenýär.
Bu günki gün ata-babalarymyzyň ene topraga beýik söýgüsi esasynda uly kynçylyk bilen gazanylan Ýeňiş baýramynyň nesillerimizi ar-namysly, Watana wepaly, mert we gaýduwsyz ruhda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr. Türkmenistan – parahatçylyk söýüji, asuda ýurt. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çäksiz uly aladalary bilen türkmen halky dünýä halklarynyň abadançylygyna, dost-doganlygyna ýol açýan beýik milletdir. Şeýle bagtly günlere ýetiren Watan gahrymanlaryna bolsa, ebedi şöhrat bolsun!
Hurmagül ÝULDAŞEWA,
TOHI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.



