Siziň üçin...

Kämil bilimleriň döwri

05-05-2023 / 8

Ýurdumyzyň bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirkizaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, zamanabap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaşlara berilýän bilimiň hili has-da ýokarlanýar. Bu hakykat bilim edaralarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilişi babatynda hem şeýledir. Ýagny «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça bellenen anyk çäreler üstünlikli alnyp barylýar. 2017-nji ýylda tassyklanylan bu Konsepsiýanyň ilkinji wezipeleriniň hatarynda bolsa täze tehnologiýalary okuw işinde giňden ulanmak işi durup, bu boýunça bellenilen çäreler innowasion ösüşe ýardam berjek, intellektual derejesi ösen kämil hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik açýar. Şonuň ýaly-da, Konsepsiýada bilim berlişiniň her bir basgançagynda sanly bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmegiň, şeýle hem bu ugurda amala aşyrylýan işleri milli we halkara ülňüne laýyk getirmegiň anyk ugurlary kesgitlenilýär. Daşary ýurt dillerini kämil derejede okatmakda mugallymlarymyz häzirkizaman usullaryny başarnykly ulanýarlar we bilim tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary we milli ýörelgeler esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berýärler.

Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, orta mekdeplerde daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy, täze okuw maksatnamalary girizildi, rus we iňlis dilleri sapaklary bilen birlikde fransuz, nemes, ýapon, hytaý, koreý dilleri degişli maksatnamalara goşuldy. Orta we ýokary okuw jaýlarynda lingafon otaglary, interaktiw tagtalary ornaşdyrylyp, daşary ýurt dillerinde täze okuw kitaplarydyr gollanmalar çap edildi. Umuman, dil babatynda alnyp barylýan syýasat türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilim almaklaryna gönükdirilendir.

Türkmen diliniň üsti bilen daşary ýurt dilini öwretmek mugallymyň kämil başarnygyny, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Giň dünýägaraýyşly şahsyýetleri kemala getirmegi maksat edinip, okatmagyň aýry-aýry usullaryndan we dürli serişdelerden peýdalanmak arkaly berilýän bilimiň netijeli bolmagy ugrunda aladalanýarys. Okatmagyň häzirkizaman serişdeleriniň durmuşymyza ornaşdyrylmagy berilýän bilimleri aňly-düşünjeli özleşdirmäge, nazaryýeti amalyýet bilen baglanyşdyrmaga, okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny baýlaşdyrmaga ýardam edýär.

Gülşat JUMAMURADOWA,
Çärjew etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu