
Obasenagat toplumyny döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ilatynyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmakda, olaryň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmakda, önümliligini ýokarlandyrmakda we ot-iýmlik binýadyny berkitmekde degişli işleri geçirmek boýunça anyk wezipeler goýuldy.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň aýdyň geljeginiň anyk beýanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçiriljek bu maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň daýanjy bolan oba hojalygyny has-da ösdürmeklige, ulgama häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmaklyga uly üns berilýär.
Häzirki wagtda Diýarymyzda oba hojalyk pudagy gülläp ösýär. Ýurdumyzda bu ugurda zähmet çekjek ählitaraplaýyn kämil ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy, pudagyň oba hojalyk tilsimatlary we ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi hem-de gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň gurulmagy munuň güwäsidir. Bu bolsa bazarlardaky azyk önümleriniň bolçulygynda hem-de ilatyň oba hojalyk önümlerine bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylmagynda aýdyň beýanyny tapýar.
Döwlet ýurduň maldarçylyk ylymlarynyň emele gelmegi barada ýakyndan alada edýär, guşçulykda tejribe ähmiýetli ugurlarynyň emele gelmegini höweslendirýär, telekeçilere – maldarçylyk önümlerini öndürijilere guramaçylyk we maliýe kömegini berýär. Bu hususy maldarcylyk hojalyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Ukyply oba hojalyk önümlerini öndürijiler ýurtda gurulýan maldarçylyk toplumlarynyň köp bölegi düşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýarlar.
Obasenagat toplumyny ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar. Hususan-da, toplumyň azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalarynyň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Öz nobatynda bular oba hojalygynda ekerançylygyň, maldarçylygyň ösdürilmegi bilen deň hatarda, agrosenagat toplumynda taýýar önümleriň öndürilişiniň ýokarlanmagyna we ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine doly mümkinçilik berer.
Aýsülük SAPARGLYJOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Oguloraz JUMILOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



