Siziň üçin...

Teatr sungaty — üstünlikleriň çeşmesi

25-04-2023 / 18

Döwletiň iň bir möhüm ugurlarynyň biri bolan medeniýet-sungat ulgamy hem bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhy bilen ruhlanyp, has belent derejelere çykdy. Teatr sungaty halkymyzyň köp asyrlyk medeniýetiniň köklerini özünde jemlemek bilen, jemgyýetimizde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza beýik buýsanjy we ynsanperwerlik duýgusyny terbiýeleýär, ýaş nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň belent düşünjeleriniň kemala gelmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy ösen medeniýetiň we sungatyň ojagy hökmünde bellidir. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşdy. Asyrlaryň jümmüşinde eziz Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we hereketlendiriji güýji bolmak bilen, milli teatr sungatymyzyň, şöhratly Oguz paýhasynyň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetlerine oňyn täsir etmegine giň şertleri döretdi. Şol bir wagtyň özünde goňşy we alys ýurtlaryň halklarynyň medeniýetleri türkmen teatr sungatynyň baýlaşmagyna uly itergi berdi.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde teatrlaryň altysy, şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat teatrlary hereket edýär. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde drama teatrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda karar kabul etdik. Bu işleriň ählisi teatr artistlerini, medeniýet we sungat ussatlaryny zähmet üstünliklerine, il-ýurt bähbitli beýik işlere, täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Türkmen teatr sungatynyň görnükli wekilleri bolan Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Muhammet Çerkezow, Sabyr Ataýewa, Sona we Suraý Myradowalar, Artyk Jallyýew, Ata Döwletow, Hommat Müllük ýaly zehinli teatr artistleriniň at-abraýy bütin dünýäde bellidir. Olar uçursyz tebigy zehini we zähmetsöýerligi bilen teatr sungatynda öçmejek yz galdyrdylar hem-de ussatlarça janlandyran keşpleri bilen döredijilik dünýäsinde meşhurlyk gazandylar.

Saparmyrat ILAMANOW,
Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň Radio ses bölüminiň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu