
Gün şöhlesi günorta çagy Ýere has dik düşýär. Şol sebäpli gündiz howa yssy bolýar.
Planetalar Günüň daşyndan we öz okunyň daşyndan yzygiderli aýlanýarlar. Bu ýagdaý pasyllaryň we gije-gündiziň emele gelmegine sebäp bolýar.
Yssy howada daşaryk çykylanda, açyk reňkli, ýeňli egin-eşikleri geýmeli. Başgap geýmegi unutmaly däl.
Günden çykýan energiýanyň 2,2 milliarddan biri Ýere gelip ýetýär.
Günüň 72 sagadyň dowamynda ýaýradýan energiýasy Ýerdäki ähli nebit-gazyň öndürjek energiýasyna deňdir.
Orta ululykdaky ýyldyz hasaplanýan Gün bu ulgamdaky asman jisimleriniň massasynyň 99,8 göterimini emele getirýär. Galan 1,2 göterimini Günüň daşyndan aýlanýan planetalar, asteroitler, meteoritler, planetalaryň hemralary we beýleki ululy-kiçili asman jisimleri emele getirýär.
Günüň adam saglygy üçin peýdasy uludyr. Alymlar Gün şöhlesinde D witamininiň bardygyny belleýärler. Şol sebäpli howa yssy bolmadyk wagtda daşarda, açyk howada gezelenç etmegi unutmaň!
Annadurdy DURDYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyniň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



