Siziň üçin...

Pyragynyň heýkeli

22-04-2023 / 11

Hak sözleň ýürekden öçmez sudury,
Eýýäm çalşyp, pelek çarhyny öwrer.
Päkligiň bossany seniň huzuryň.
Joşan göwnüm uçup geldi guş ýaly,
Bu pursatlar göýä maňa düýş ýaly,
Pikirlerim ýaş maýsa ýaly terlener.
Dileg etdim, il-ýurduma, ykbala,
Sözleriňe ýüreklerde ýer berdik.
Öwrülipsiň ebedilik ykrara,
Hak eýesi sen arzyly münberiň,
Sözleriňe kökerlipdir mähelle.
Magtymguly, şygryň dönüp melheme,
Süpürip ýör gursaklaryň azaryn.
Ummanda söz – gämi, galam – ýelkenim,
Durmuş has dürs ýöredip ýör hasabyn.
Heýkel dem alyp agraslyk bilen,
Intizar göreçler öwrülýär teşnä.
Arkadag Serdarly agzybir iliň,
Watana söýgüsi bolup dur äşgär.
Bagtyýar zamanda sahyryň şygry,
Jem eýleýär il-güni bir ojaga.
Biziň ilde mukaddesdir, söz, şygyr,
Ol hemişe meňzedilýär saçaga.
Ylahy nur bilen ýazlan syýanyň
Gudraty gow-jeňi ýele sowruldy.
Arkadag şäherniň gözel ýerinde
Pyragynyň heýkeli lowurdap durdy.

Enejan ERNEPESOWA,
Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu