Özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolan Konstitusiýa, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurulmagy onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda jemgyýetçilik durmuşynyň ulgamlarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi milli kanunçylyk binýadynyň pugtalanmagyna getirýär.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasy bolan Esasy Kanunymyz 1992-nji ýylda kabul edildi. 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginiň rejelenen görnüşine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň utgaşykly bellenilip geçilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Döwletlilik nyşanlary bolan Konstitusiýa we Döwlet baýdagy ýurt berkararlygynyň, halkyň bagtyýarlygynyň beýanyny özünde jemläp, raýat jemgyýetiniň kämilligini özünde şöhlelendirýär.
Konstitusiýanyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge ruhlandyrýar. Konstitusiýa Türkmenistan döwletiniň, hukuk ulgamynyň we hukuk tertibiniň esasydyr. Şonuň bilen birlikde, ata Watanymyzyň raýatlarynyň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegine, halal zähmetiniň hözirini görmegine, döredijiliginiň joşmagyna, bagtyýar ýaşaýşa buýsanjynyň artmagyna bolan mümkinçilikler ulgamy Esasy Kanunymyzyň mazmunynda öz beýanyny tapýar.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilmegi bilen birlikde, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze üstünliklere ýetmegine gönükdirilen baş ýoldur.
Gadam RAHMEDOW,
Halaç etrap kazyýetiniň kanselýariýa müdiri.