
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenisanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşlary, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
“Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda 2023-nji ýylyň 26-28-nji aprelinde Inžener we kompýuter grafikasy boýunça 5-nji internet ders bäsleşigini hem-de Elektronika we awtomatika boýunça 1-nji internet ders bäsleşigi geçirilýär.
Ders bäsleşikleri boýunça Düzgünnamalar işlenip düzüldi we bu düzgünnamalar www.tohi.edu.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen.
Bäsleşigiň birinji we ikinji günlerinde Inžener we kompýuter grafikasy boýunça 5-nji internet ders bäsleşigi geçirilip, 26-njy aprelde Inžener grafikasy boýunça elde ýumuşy ýerine ýetirmek arkaly geçirilýär we bäsleşige berilýän wagt 180 minut. 27-nji aprelde Kompýuter grafikasy boýunça sanly grafiki programmalarynda gurnaýyş çyzgysy esasynda talyplar birnäçe detallardan ybarat bolan önümiň 3 ölçegli modelini taýýarlarlar. Bäsleşige berilýän wagt 180 minut.
Bäsleşigiň üçinji gününde Elektronika we awtomatika boýunça 1-nji internet ders bäsleşigi geçirilip, 28-nji aprelde bäsleşige gatnaşýan talyplar 40 sany test soragdan we 10 sany meseleden ybarat bolan ýumuşy özbaşdak işlemeli. Bäsleşige berilýän wagt 120 minut.
Ýeňiji bolan talyplar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar sylaglanar.
Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.
Gülnur BÄŞIMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



