Siziň üçin...

108 minutlyk ilkinji syýahat

17-04-2023 / 14

Mundan 62 ýyl ozal ilkinji gezek adam ogly kosmos giňişligine uçupdy. Ol şol wagt 27 ýaşly maýor, harby uçarlaryň synagçysy Ýuriý Gagarin bolup, bu uçuş oňa uly at-abraý getirdi. 1961-nji ýylyň 12-aprelinda «Wostok-1» kosmos gämisi bilen howa giňişligine uçýar. Taryhda ilkinji gezek kosmosa adam ugratmaga  berlen tabşyryga SSSR-iň ýokary wezipeli adamlaryndan bolan Sergeý Korolýow hem-de Nikolaý Kamanin gol çekýär.

Ilkinji gezek bolan bu uçuş o diýen uzaga çekmän, bary-ýogy 108 minut dowam edipdir. Bu taryhy waka Sowet Soýuzynda 1961-nji ýylyň 12-nji aprelini «Kosmonawitka güni» diýlip atlandyryldy. Şondan 62 ýyl geçen soňam adamlar Ýuriý Gagariniň ilkinji uçuşyny ýatlaýarlar we oňa uly hormat goýýarlar.

Şeýlelikde, 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynda her ýylyň 12-nji apreli «Halkara kosmos güni» diýlip yglan edildi.

Kakamyrat REJEPGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu