
Pişikleriň köpüsi öz jaýlaryna iňňän wepalydyr, örän mylakatlydyr. Olaryň tüýleriniň ýumşaklygy, göwresiniň çeýeligi adamlaryň göwnünden turmaga uly kömek edýär.
Delfinler hemişe hereketdedir. Olar aram-aram dem almak üçin suwuň ýokarsyna hem çykýarlar.
Häzir kengurulara esasan-da, Awstraliýada duşmak bolýar. Bu ýurda «kengurularyň ýurdy» hem diýilýär. Kengurularyň şekili hatda ýurduň tugrasynda-da bar.
Žiraf ädim ädende iki aýagyny birden galdyrýar. Ol ylganda tizligi 56 kilometre ýetýär.
Aç möjek 10 kilograma çenli et iýip bilýär. Ýöne onuň adaty iýmit möçberi 2 kilogramdyr.
Hatda howanyň yssy mahallary hem towşanlar teşnelikden we beden gyzgynlygyndan kösenmeýärler.
Begemotyň hamynyň galyňlygy 4 santimetr bolup, ol adamyňkydan 8 esse galyňdyr.
Içýanlary üç hepdeläp doňduryp saklap, soňam doňuny açsaň, ýene-de ýaşamagyny dowam edýär. Bu haýwanyň ýene bir aýratynlygy, olar ultramelewşe şöhle saçýarlar.
Gylyç ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.



