
Tutuş Gündogarda zähmet çekmeklige, aýratyn-da, ekerançylyk bilen meşgullanmaklyga uly üns berlipdir. Gowy ýaşaýşyň çeşmesiniň zähmetdedigine, ýere yhlas etmekdedigine düşünipdirler. Ýer, pasyllar bilen baglanyşykly däp-dessurlary, yrym-ynançlary döredipdirler.
Türkmen halky gadym döwürlerden bäri ekerançylykdan başga-da, esasan, maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ulurak çagalar mal-garalara seretmegi ýaşuly nesillerden öwrenipdirler. «Malym ― janym», «Maly baryň — haly bar», «Mal eýesiniň gözünden suw içer» ýaly nakyllar ýaş nesillerde mallara söýgi döredipdir. Türkmen halky «Ýedi ýyllap mallary urman-sögmän bakan çopana Hydyr ata sataşarmyş, dilegini kabul edermiş» diýen ynanjy döredip, halk arasyna ýaýradypdyr. «Malym ― janym» diýýän türkmen sygryny, düýesini saganda-da, hatda suwa ýakanda-da, sypalap, mylaýymlyk bilen gürleşmegi endige öwrüpdir.
Zähmetsöýerlik bilen bagly haýsydyr bir ýiti sözli, dilewar adamlar tarapyndan aýdylan atalar sözleri uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Şol taglymy ösdüren Magtymguly Pyragy: «Ulalanda iş hoş ýakmaz, ýaşlykda köýmän ýigide, // Bir söz aýtsaň, biri ýokmaz, // Taňrysy guýman ýigide» diýip, janyýangynlyk bilen ýaltalary, işden, zähmetden gaçýanlary tankytlapdyr.
Perzentleriniň zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ata-eneler çagany ýaşlykdan hünäre ugrukdyrypdyrlar. Ylaýta-da, ogul perzendi entek gögele oglanjykka kümüş şaý-sep ýasaýan zergärleriň, demirçi, dutar-gyjak ýasaýan ussalaryň, bagşy-sazandalaryň we beýleki dürli hünärli adamlaryň öýlerinde goýup gaýdypdyrlar. Gyzjagazlary bolsa el hünärlerine — keşde çekmeklige, haly-palas dokamaklyga, keçe güllemeklige we beýleki tikin-çatyn işlerine gönükdirip, hünärli bolmagyny gazanypdyrlar. Şular bilen baglanyşykly nakyllary döredip, çagalarynyň aňyna zähmetsöýerligi guýmaga çalşypdyrlar. «Hünäri öwren-de, ýigren», «Bir hünärli baý bolmaz, baý bolmasa-da, zada zar bolmaz», «Hünärli ýigit hor bolmaz, bir näkese zar bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem az» ýaly köp sanly nakyllar munuň mysalydyr.
Gülşat GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.



