Siziň üçin...

Köýtendagyň zerewşan arçasy

10-04-2023 / 57

Zerewşan arçasy (Juniperus seravchanica) Serwiler — Cupressaceae (Кипарисовые) botaniki maşgalasyna degişlidir. Bu maşgala pürli agaçlaryň 70-e golaý görnüşini öz içine alýar. Olaryň 21 görnüşi Orta Aziýada duş gelýär.

Pürli agaçlaryň içinde Zerewşan arçasy özüniň çydamlylygy, çeýe baldagy, uzak ýaşaýandygy bilen tapawutlanýar. Bu agaç 600-den 3000 ýyla çenli ýaşap bilýär. Ýylyň dowamyndaky ösüşi haýal bolup, ýylda 1 santimetr, ösüş döwründe bolsa, 8-25 metre çenli ösüp bilýär. Pürleri ýaşyl reňkli. Esasy baldagynyň reňki gyzylymtyl ýa-da gyzyl goňur reňkli, miweli etlek mämişi gozadyr. Mart-aprel aýlary gozajyklaryny emele getirip başlaýar we sentýabr-oktýabr aýlary gozalary doly ýetişýär. Gozalarynyň içinde 1-den 3-e çenli tohumlary bolýar.

Köýtendag goraghanasynda 700 ýyl ýaşan Zerewşan arçasy bardyr. Zerewşan arçasy dagyň 1000 — 2500 metr belentliginde ösýär. Bu agaçlar daşky görnüşi boýunça piramida, konus şekilli, ýaýraň gabaraly bolup bilýär.

Diňe bir Köýtendagda däl, häzirki wagtda bezeg-bagçylygynyň ösmegi bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde beýleki pürli agaçlaryň görnüşleri bilen utgaşyklykda ösüp, bezeg berip oturan zerewşan arçalaryny görmek bolýar.

Edil beýleki pürli agaçlar ýaly zerewşan arçasynyň hem ekologiýa ähmiýeti örän uludyr. Olar bütin ýylyň dowamynda fotosintez hadysasyny geçirýärler we atmosferada kislorodyň mukdaryny artdyryp, kömürturşy gazynyň bolsa, hemişelik mukdaryny saklap durýarlar. Howany dürli zäherli gazlardan we tozanlardan arassalaýarlar. Fotosintez hadysasynyň geçmesi bilen, kislorodyň bölünip çykmagy atmosferanyň 20-25 kilometr ýokarsynda kislorodyň izotopy bolan ozon gatlagynyň emele gelmegine hem ýardam edýär.

Zerewşan arçasynyň beýleki pürli agaçlar ýaly goh-sesleri peseltmekde hem ähmiýeti örän uludyr. Pürli agaçlar sesi 7-9 desibela çenli peseldýärler. Seýilgäh zolaklarynda, tokaýlarda agaçlaryň ýerleşişine baglylykda hatarlaryň sany näçe köp bolsa, şonça goh-sesleri peseltmek ukyby ýokarydyr.

Meňli JORAÝEWA,
Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu