Siziň üçin...

Gadymy Gündogaryň ilkinji şäher döwleti

09-04-2023 / 502

Türkmen topragynda bürünç zamanynda dörän ilkinji döwlet Altyndepe şäher döwletidir. Ol biziň eýýamymyzdan öňki  III müňýyllygyň  I ýarymynda döräp, şol müňýyllygyň ahyryna çenli dowam edipdir.

Altyndepe iň gadymy şäher bolup,  onuň tutýan meýdany 46 gektardyr, bu şäherde 5000-e golaý ilat ýaşapdyr. Soňky 40-50 ýylyň dowamynda Altyndepede düýpli arheologiýa barlaglary geçirildi. Bu ýerde yzygiderli gazuw-agtaryş işlerini geçiren alymlaryň biri hem professor W. M. Massondyr. Onuň 1981-nji ýylda neşir edilen ,, Altyndepe” diýen işi Türkmenistanyň gadymy taryhy boýunça örän gymmatly  çeşmedir. Alymyň pikirine görä, biziň eýýamymyzdan  öňki IV  müňýyllyklaryň ahyrynda, yagny eneolit zamanynda Altyndepe haýran galaýmaly takyk çyzgylar esasynda oýlanyşykly gurlan ekeni. Şäherde ýaşaýyş jaý toplumlary, külalçylyk, zergärçilik ussahanalary, daşdan, bürünçden gural ýasalýan ussahanalar bolupdyr.

Altyndepäniň töweregi galyň diwar bilen gurşalypdyr. Diwar çig kerpiçden galdyrylyp, onuň boýy 23 metre barabar ekeni. Altyndepäniň merkezinde beýikligi 20 metrden gowrak belentlikde üç basgançakly minara-öz döwründe  şäher ýaşaýjylaryny bir ýere ýygnamak üçin jar çekilýän öküziň hem-de böriniň altyndan ýasalan pöwrize daşyndan oturdylypdyr, onuň maňlaýyna  hem şol daşdan Aýyň şekili basylypdyr.  Gadymy Gündogarda bu görnüşdäki öküziň  şekili Hudaýa çokunmagyň iň ýokary derejesi  hasaplanylypdyr. Öküz ene ýeriň hasyl bermegine sebäp bolýar. Öküz ýaşaýşy, dünýäni , jemgyýeti herekete getirýär. Aý şekili bolsa  Oguz hanyň ýaýyny – ,,Ak maýanyň  ýoluny “ aňladypdyr. Möjegiň  altyn heýkeljigi bolsa biziň gadymy oňonymyz –  ,,gurduň” şekilidir.

Altyndepe önümçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmegiň merkezine öwrülipdir.Gadymy ussalaryň toýundan, galaýydan, mermerden ýasan heýkelleri özleriniň ýokary gymmatlyklary bilen diňe Merkezi Aziýada däl, eýsem Gadymy Gündogarda-da öz ornuny tapypdyr. Altyndepeden biziň günlerimize gelip ýeten uly mirasymyz hem şol ýerden tapylan küýzeleriň, suw gaplarynyň we beýleki öý hojalyk gurallarynyň ýüzünde duş gelen dürli-dürli özboluşly owadan nagyşlardyr.

Mylaýym GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu