Siziň üçin...

Bahar barha bägüllere beslenýär

08-04-2023 / 23

Türkmen topragyna gelen ýaz pasly ýakym hem ýalkym bolup ýaşaýyşa ýaraşyk berýär. Tebigy gözellikler ähli ýere ýaýrap, aýratyn öwüşgini bilen ömürlere hem göwünlere täsir edýär. Baglar şaha ýaýyp, ösümlikler boý alýar. Tereñ çeşme-çaýlarda lummurdap akýan suwlar, baglarda saýraýan guşlar… bularyñ ählisi bu paslyň kalby heýjana getirýän, göwni göterýän gözellikleri.

Her ýylyñ ýakymly ýaz täsirlerinden ruhlanyp, bereketli türkmen topragyna täze ýylyñ hasyly üçin tohum sepilýär. Bu ene ýeriň giň mümkinçilikleriniñ ynsan üçin giñden açylýan, eçilýän döwrüdir.

Aprel aýy hem bu paslyñ tüýs pajarlaýan döwri bolup, türkmeniñ toýly-tomaşaly günleri bilen juda sazlaşýar. Şanly wakalaryñ, uly dabaralaryñ guralýan bu günlerinde her bir ynsanyñ ruhunda belentlik, süňňünde sagdynlyk duýulýar. Täzelenişi, terligi we täsinligi getiren ýaz paslynyň bu aýynyñ tutuş sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly bolup, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri bilen utgaşmagynda hem uly many bar.

Biz — ýaşlar hem şeýle arzyly pursatlarda il abatlygyny, Watan bagtyýarlygynyñ baky dowam bolmagyny arzuwlap, Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Arslan GURDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu