Siziň üçin...

Ösümlik we suw

07-04-2023 / 69

Suw ösümlikleriň ýaşamagynda örän uly orny eýeleýär. Dürli-dürli ösümlikleriň 80 – 90 göterimi suwdan ybarat. Ösümlikleriň öýjüklerinde köp mukdarda suw, organiki we mineral maddalar saklanýar. Ösümlikleriň miwesiniň turşy we süýji bolmagy öýjüklerinde saklanýan askorbin kislotasynyň we şekeriň mukdaryna baglydyr.

Suw ösümlikleriň dokumalaryna kök ulgamy we ýapraklary arkaly iýmiti getirýär hem-de ýylylygy sazlaýjy bolup hyzmat edýär, ol ösümligiň ýapragynyň üstünden bugarýar. Bu bolsa köp mukdardaky ýylylygy özüne siňdirýär.

Suw ähli ösümlikleriň ösüşiniň depginini, umumy önümliligini we hasylyny ýokarlandyrýar. Suwsuz ösümliklerde iýmit çalyşma hadysasy bolmaýar.

Suwuň ýetmezçilik etmegi ösümliklerde fotosinteziň geçmegini we dem alyş düzgünlerini ýaramazlaşdyrýar, boýunyň ösüşi togtaýar. Suwuň artykmaçlyk etmegi ösümlikleriň boýuny gereginden artyk ösdürýär we kök ulgamynyň ösüşini togtadýar. Ösümliklere suwuň kadadan köp berilmegi olaryň kökleriniň çüýremegine hem getirýär.

Laçyn WEPAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu