Siziň üçin...

Seýrek duş gelýän desga — sardobalar

26-03-2023 / 26

Türkmenistan irki döwürlerde hem mes toprakly, ekerançylygy ösen ýurt bolupdyr. Ata-babalarymyz 6-7 müň ýyl mundan ozal hem suwy ýaplar arkaly ekin meýdanlaryna eltipdirler. Suw ýaşaýşyň özeni, ýedi hazynanyň biri, keramat hasaplansoňlar, ondan örän ýerlikli peýdalanypdyrlar. Muny biz sardobalaryň, buzhanalaryň mysalynda bilýäris.

Sardoba sözi “Sard” — sowuk, “ab” — suw diýen manyny aňladýar. Sardobalar iki görnüşde gabat gelýär. Gümmezli görnüşi has gadymy döwürden bellidir. Çünki Türkmenistanda suw irki döwürlerde oýluklara, kaklara ýygnanypdyr. Soňabaka kaklar kämilleşip, diwarlaryň ýüzi bişen kerpiçler bilen örülipdir. Şeýlelikde üsti açyk suw howdany emele gelýär. Bu sardobanyň ikinji görnüşi.

Türkmenistanyň çäklerinde gadymy döwürde ulanylyp, häzirki zamanda asyl nusgasynyň käbir görnüşleri saklanyp galan sardobalaryň birnäçesi bar. Olar, esasan, köp adamly ýerlerde — şäherlerde, keramatly hasaplanylýan ýerlerde, metjitleriň töwereginde ýerleşýär. Köneürgençde Gutlug Timuryň minarasynyň ýanynda XIV-XV asyrlara degişli bolan sardoba galyndylary bar. Onuň içiniň häzirki çuňlugy 1.70 metr bolup, giňligi 2.75 metre barabar. Sardobada 1998-nji ýylda doly rejeleýiş işleri geçirilipdir.

Sardoba gurluşygynyň galyndylary Döwkesen galasynda, Şasenem hem-de Zamakşir galasynyň merkezi böleginde, Törebeg hanymyň aramgähiniň golaýynda gabat gelýär. Bu bolsa Gadymy Köneürgenç topragynda irki orta asyrlarda sardobalaryň, buzhanalaryň bolandygyna, ýaşaýşyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär.

Gadymy Merwiň çäklerinde hem XV asyra degişli Soltangala, Gäwürgaladaky sardobalary, XI-XII asyrlara degişli Muhammet ibn Zeýdiň aramgähiniň ýanyndaky sardobany, Kaka etrabynda Hywaabatda ýerleşýän uly we kiçi sardobalary, Sarahs etrabynda hem-de Hojambaz etrabynyň çäklerinde ýerleşip, şu günki güne çenli käbir görnüşleri saklanyp galan sardobalary mysal getirip bolar. Bularyň häzirki wagtda suwly we suwsuz görnüşleri bar.

Orta asyrlarda Türkmenistanyň ýaşaýjylary suwaryş ulgamlaryny gurmagyň, suwy ýerlikli peýdalanmagyň ussady bolupdyrlar. Ata-baba dowam edip, şu güne ýeten bu miras häzirki ýaş nesillerimiziň geçmiş taryhyna, medeni we milli mirasyna guwanmaga esasdyr.

Atamyrat GURBANDURDYÝEW,
TOHI-niň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu