
Çaga eziz, edebi ondanam eziz.
Çagaly öý bazar.
Iň güýçsüziň güýçlülerden hökmi zor.
Çagalyk-şalyk, hemmäni boýun eder.
Çaga begden, handan uly.
Çagaly öýde syr ýatmaz.
Çaga guş uçup oňarar, gonmagy öwretmeli bolar.
Çaga dogranyňky däl-de, terbiýe bereniňki.
Çaga dogsa heňňamyna (döwrüne) çeker.
Çaga elinden üşär.
Çaga biziňki, akyly özüniňki,
Çagadan agtyk süýji.
Çaga çaltyň bir elini baglar, çamanyň iki elini hem.
Çagaly öý — gül, çagasyz öý — güň.
Çagany ýaşdan, edebi başdan.
Çagaň ak süýt emen ýeri — göbek ganynyň daman ýeri.
Toplan: Göwher KÖMEKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.



