
Şäherdäki ýaşaýyş ekerançylyk baradaky hyýallary çäklendirýär. Öýde ekin ýetişdirmek üçin azda-kände mümkinçilik bar hem bolsa, ondaky howa we tebigy şertler ösümligiň ýetişmegi üçin oňaýly mümkinçiligi çäklendirýär. Şeýle-de bolsa, bu işde görelde görkezip bilýänler bar.
Montreal şäheriniň ýaşaýjysy Bris Negelsiň ilkibaşdaky maksady öýüň bir böleginde miwedir gök önüm ýetişdirmek bolupdy. Onuň hut şu maksady bilen öýüniň içinde giden bir gözellik emele geldi. Şeýlelikde, ol öýünde «Iýmit sütünini» döretdi. Negelsiň öýde ýetişdiren ekinzarlygy dikligine ösüp, özboluşly «ýaşyl» sütüne öwrüldi. Ekinleriň sütün görnüşinde ýetişdirilmegi olaryň öýde artykmaç ýer tutmazlygyna ýardam berýär. Ekinleriň ýetişdirilýän güldanlaryna suw we dökün ýörite ulgam bilen eltilýär.
Häzir Bris öýünde gök we bakja önümleriniň 10-a golaý görnüşini ýetişdirýär. Olaryň arasynda gawun hem bardyr.
«TürkmenGazet».



