Siziň üçin...

Balykçy guş

12-03-2023 / 34

Balykçy guş (lat. Alcedo atthis) — täsin we owadan guşlaryň biri. Janly tebigatda bu guşlara derýa ýakalarynda, tokaýlarda kölleriň töwereklerinde duş gelmek bolýar. Esasan, ol Russiýa döwletiniň çäginde giň ýaýrandyr. Olaryň daşky şekili owadan, uçuş hereketi çalasyn.

Balykçy guşlar adamlardan, şeýle-de, özlerine howp salýan duşmanlaryň bar ýerinden uzakda ýaşaýarlar. Sebäbi bu owadan guşlar rahatlygy we asudalygy halaýarlar. Guşlary söýüjiler üçin olary görmek hakyky baýramçylyk hasaplanýar.

Daşky keşbi boýunça reňkli tropiki guşlara çalymdaş bu guşlaryň kiçijik jaýlaşykly ýerleşen kellesi, dört gyraňly çüňki, dürli reňklerden ybarat owadan daşky perleri bolýar. Göwrümi boýunça kiçi guşlara degişli bolup, ganatlarynyň ýaýylan ýagdaýdaky uzynlygy 7 — 8 santimetr. Uzyn we göni gidýän çüňki, gysga ganatlary we guýrugy guşa tiz hereketlenmäge ýardam berýär. Aýaklary kiçi we gowşak ösen bolup, ýerde ýöremäge ukypsyz bolýar. Şol sebäpli bu guşlar hereketiniň köp bölegini uçuş wagtynda amala aşyrýarlar. Bir ýerden başga ýere diňe uçuş hereketleri bilen geçýärler.

Balykçy guşlar beýleki guşlardan tapawutlylykda özleriniň ýaşaýyş işjeňligini üç gurşawda alyp barýan ýeke-täk guş hasaplanýar. Iýmitiň gözleginde — suwda, uçmak üçin — howada, höwürtgelerini bolsa ýerde — agaçlaryň arasynda gurýarlar. Olar beýleki guşlardan, hatda özleriniň sürüsinden hem uzakda ýaşaýarlar. Höwürtgelerini beýleki jübütlerden daşda, azyndan 300 metr uzaklykda gurýarlar.

Balykçy guşlar bütin ömrüniň dowamynda şol bir jübüti bilen maşgala bolup ýaşaýarlar. Jübütler ýaz aýlary bile, gyş aýlary bolsa aýry ýaşaýarlar. Gyşlamaga giden jübütler howanyň ýylamagy bilen şol bir ýerine ýygnanýarlar. Aýratyn bellemeli zat hem iki jübüt ýalňyşmazdan ýene-de öz höwürtgesine dolanyp gelýärler.

Bu guşlar gyş aýlarynda Demirgazyk Afrika, Günorta Aziýa we Günorta Ýewropa uçup gidýärler. Demirgazyk Kawkazda ýaşaýanlary bolsa, öz ýurdunda galýarlar. Balykçy guşlar örän seresaply hereket edip, hiç hili päsgelçilik bolmasa, 15 ýyl, hatda ondan hem köp wagt ýaşap bilýärler. Tebigatda bu guşlary diňe laçyn guşlary awlaýarlar.

Bu guşlary awlamak, tutmak kyn bolýar. Olar uçuş wagtynda sagatda 80 kilometr tizlik bilen hereket edýärler. Aw awlanlarynda bolsa, agaçlaryň uly ýapraklarynda gizlenýärler. Guşlar köplenç, ownuk balyklar bilen iýmitlenýändigi üçin hem «balykçy» adyny alypdyrlar. Olaryň esasy iýmiti: çeşmelerden we arassa köllerden awlaýan ownuk balyklary, suwda ýaşaýan dürli mör-möjekler, balykgulaklar hasaplanýar.

Öz awyny gören guş edil ok ýaly uly tizlik bilen suwa girýär we uzyn çüňki bilen tutan balygyny şol bada iýmän, agaçlaryň ýapraklarynyň arasynda — howpsuz ýerde iýýär. Olaryň höwürtgeleri örän giň we ýumşak, agaçlaryň ownuk şahalaryndan tertipli edilip düzülen gapysy, mäkiýanlaryň ýumurtgalardan jüýje çykýan döwründe ýaşamagy üçin aýratyn otagy bolýar. Ony gurmaga iki jübüt hem gatnaşýar. Eger ýaşaýan ýerine howp abanýandygyny duýsalar, ol ýeri taşlap başga ýere göçýärler we täzeden höwürtge gurmaga girişýärler. Jüýjeler ýumurtgadan çykýança horazlary mäkiýanlary iýmit bilen üpjün edýärler. Balykçy guşlar ýylyň dowamynda iki gezek köpelip bilýärler.

Nurana AZIZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu