
Ata-babalarymyz ot-çöpleri, janly-jandarlary, asman ahwalatlaryny synlap, pasyllar baradaky ýorgutlary, yrymlary, nakyllary nesillere miras goýupdyrlar. Gumlular şu günler hem çarwa hasaby bilen maldarçylyk işlerini aşakdaky ýorgutlara, aýtgylara görä ýöredýärler.
Gyş gelenini burun biler, ýaz gelenini garyn biler
Güýzüň ahyrynda, gyşyň başynda gök gübürdäp, ýyldyrym çaksa, “Gyş gulunlap, goşa ýaz bolar” diýlip hasaplanylýar.
Tebigat: „Rehim etsem, güýze bir aý, ýaza bir aý berip, bir aý, gazabyma tutsam güýzden bir aý, ýazdan bir aý alyp, bäş aý aýazladaryn» diýermiş.
Gyşyň hoşsuraýanyna, eşegiň ýuwaşsyraýanyna, kezzabyň derwüşsireýänine ynanma!
Gyşyň gary, juda maýdalasa, uzak ýagar.
Garda keýik gelip sürä goşulsa, aýazly günler uzaga çeker.
Uly çillede sazak, sözen, gandym burjulap, şahasyndan sallanyp dursa, goşa ýaz bolar.
Çillede ýagýan gar sazaga, sözene, gandyma degip eräp dursa ýaz ýagynly bolar.
Ülker dogsa doly bahar, oňa çenli alabahar.
Alabaharda kömelek köp bolsa, ýazyň aýagynda ýapyr (sary gülli ot) köp bolar.
Ülker dik depeden dogsa, ýazyň öňem gowy, soňam.
Nowruzda sazagyň gök püri köp bolup, ýagyn köp ýagsa, ýyl bereketli bolar.
Ülkerde hažžyk sazaga münüp, otursa öýlänçi geler diýlip düşünilýär.
Ülkerde (apreliň aýagy, maýyň başy) toklutaý jüýjelerini öýleden soň ganaty bilen bagyrtlap ýatsa, dazzarkel, gulaty, garaguş jüýjesini sazagyň üstündäki aşýanyndan (höwürtgesinden) ýere daşasa, uzakly gün oklykirpi görünmese, güýçli gara ýel, tupan geler.
Çakyryk sazaga bukulsa doly ýagar ýa-da jöwenek.
Nowruzda ýagyş köp bolsa, ýylak bilen çyryş,
Ülkerde ýagyş köp bolsa, syrkyn bilen gamyş.
Uly çille kiçi çillä aýdarmyş: “Gara goýnuň guýrugynda ýag goýmadym, gysyk gelniň urbasynda un goýmadym. Entegem etjegim bardy welin, sakgalymyň agyndan utanaýdym”.
Kiçi çille bolsa: «Ýalkasam süýt-gatyk, gargasam kellebaşaýak iýdirerin” diýermiş.
Uly çillede ganam bolsaň dynma, ýaganyň ýere derman.
Kiçi çillede balam bolsaň damma, çopanlar çeker arman.
Torgaý görnenden 9 gün soň gyş gutaryp, ýaz geler.
Ümürli Günüň öýläni Gün çykar.
Gyşyň güni bir tutam.
Ýylky ýylynyň aýagy, towuk ýylynyň başy sowuk.
Daňlak gyzarsa, daňa ýakyn ýagyn ýagar.
Agşam şapak gyzarsa, gelniň ogul tapdy bil,
Säher şapak gyzarsa, malyň ýagy çapdy bil.
Ak bulut — howp-hatary ýok bulut.
Gara bilen mele bulut, öýüm berersiň ýele bulut!
Ýazda goýny çolaga, goç-tekede lala bakdyraýsaň…
Maksat HASANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



