- Ýer ýüzünde iň gadymy kitap Prisiň papirusy hasaplanýar. B.e.öňki 3350-nji ýylda ýazylan bu kitap Fiwa şäherindäki piramidalaryň içinden tapylypdyr. Dünýäniň iň gadymy papirusy häzirki wagtda Parižiň milli kitaphanasynda saklanýar.
- Dünýäde iň uly kitap Gawanada geçen halkara kitap sergisinde görkezildi. Meşhur adamlaryň aýdan sözlerini özünde jemleýän bu kitabyň ini 380 sm, uzynlygy bolsa 350 sm-e deňdir.
- Amsterdamdaky golland muzeýinde saklanýan ,,Deňiz düzgünleriniň ýygyndysy” atly kitabyň boýy orta boýly adamyňkydan uzyn, ini 1 metr, galyňlygy ýarym metre deň bolup, bu kitap hem iň uly kitaplaryň sanawyna girýär.
- Dünýäde iň agyr kitap Londondaky Britan muzeýinde saklanýan geografiýa atlasydyr. Bu atlasyň beýikligi 1 metr, agramy bolsa 320 kilogramdyr.
- Dünýäniň iň kiçijek kitaplarynyň 12-si bileleşip bir nahar çemçesine ýerleşýär.
- Edebiýaty öwrenijileriň hasaplamalaryna görä Şekspiriň kitaplarynda ,,söýgi” sözi 2259 gezek, ,,ýigrenç” sözi bolsa bary-ýogy 229 gezek agzalyp geçilipdir.
- ,,Nemes diliniň sözlügi” dünýäniň iň uly sözlügi bolup, ol 1854-1971-nji ýyllar aralygynda ýazylyp tamamlanypdyr. Bu sözlük 33 tomdan, 33519 sahypadan ybaratdyr.
Toplan: Ahunjan SEÝIDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.