Psihologiýa

Güller we reňkler

06-03-2023 / 32

Bahar paslyna ýaraşyk berýän gözellikleriň biri hem al-elwan güllerdir. Elwan reňkli dürli güller ynsana özboluşly täsir edýär. Psihologiýa ugrundan ussat hünärmenleriň uzak ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy-barlaglary bir hakykaty tassyklapdyr: güller, reňkine görä, ynsana dürli-dürli täsir edip bilýär. Mysal üçin, açyk gülgüne reňkli güller nerw dartgynlylygyny gowşatmakda, ganyň aýlanyşyny kadalaşdyrmakda peýdaly hasaplanylýar. Geçen asyryň başlarynda gülgüne reňki rahatlandyryjy reňk hökmünde kabul edipdirler. Edil şonuň ýaly hem diwarlaryň ýa-da egin-eşikleriň reňki hem ynsana şeýle täsir edip bilýär.

Melewşe reňkli gülleriň argynlygy aýyrýandygy nygtalýar. Muňa garamazdan, diwarlaryň melewşe reňke boýalmagy göwnüçökgünlik duýgusyny döredip bilýär. Sary reňkli güller beýniniň işjeňligini artdyrýar. Aslynda, sary reňkiň şan-şöhratyň, bolçulygyň reňki hökmünde görülýän ýerleri hem bardyr. Gök reňkli güller nerw ulgamynyň işjeňlik ukybyny artdyryp, ynsana gujur-gaýrat berýär. Gyzyl reňk dogumlylygyň, hiç zatdan heder etmezligiň reňki hasaplanýar. Şol bir wagtda gyzyl güller ruhy joşgunyň, ylhamyň reňki hökmünde hem kabul edilýär. Elwan reňkli gülleriň hoşboý yslary hem biri-birinden tapawutlanýar we ynsan ruhuna has güýçli öz täsir edýär. Şonuň üçin güller biziň ruhumyza dürli görnüşde täsir edýän gözellikleriň biridir.

Reňkleriň ynsan ruhuna täsiri gadym döwürlerden bäri mälim bolupdyr. Ýaşyl reňk ebediligiň, bakylygyň, ýaşaýşyň, abadançylygyň, joşgunlylygyň, täzeden janlanyşyň – baharyň reňki hasaplanýar. Gözüňi ýiteltmek üçin salgy berilýän emleriň biri hökmünde ýaşyl otlara, ýaşyl çemenzarlyga we ýaşyl reňklere syn etmek hem-de seretmek ündelýär.

Ak reňk giňişligiň, göwnaçyklygyň reňki hasaplanýar. Hatda diwarlaryň reňki ak reňke boýalan bolsa, ol otagyň içini has giňiş görkezýär, ynsanyň göwnüne hem giňlik salýar. Umuman, ak güller hem göwün açyjy, ruhlandyryjy, kalba ylham we joşgun beriji serişde hökmünde kabul edilipdir.

Gunça ANDANIÝAZOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu