
«Düýe gyzy» lakamy bilen tanalýan Ella Harper aýaklary yza çekilen görnüşde dünýä inipdir. Ol 1870-1921-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Ella bütin ömrüni sirkde zähmet çekip geçiripdir.
Hakyky ady Fanni Mills ýöne «Ogaýo uly aýakly gyz» ady bilen hem tanalan bu şahsyýet Milroý diýip atlandyrylýan kesele duçar bolup dünýä inýär. Bu kesel bolsa Fanniniň aýaklarynyň adatdan daşary ýagdaýda ösmegine sebäp bolupdyr.
«Beýik Lentini» ady bilen hem tanalýan Frank Lentini doglanda 3 aýakly doglupdyr. Ol 1889-njy ýylda Italýada doglup, 1966-njy ýylda ABŞ-da aradan çykýar. Frank ömrüniň köp bölegini sirk çykyşlaryna gatnaşyp geçiripdir.
Wýetnamly Tran Wan Haý «Ginnesiň rekordlar kitabyna» dünýädäki iň uzyn saçly adam hökmünde girmegi başarýar. Ol 2010-njy ýylda 79 ýaşyndaka aradan çykýar. Käbir maglumatlara görä, ol ýaşan ömrüniň soňky 50 ýylynyň dowamynda saçyny hiç kesdirmändir. Dünýäden ötmezinden 11 ýyl öň soňky gezek saçyny ýuwandygy aýdylýar.
Agzyna Koks bankasyny goýýan Fransisko Domingo Joaquim atly Angolaly adamyň agzy 17 santimetrdir. Ol häzirki wagta çenli dünýädäki iň uly agzy bolan adam hökmünde tanalýar.
Mişel Kobke atly ýaş nemes aýal üç ýyllap her gün korset geýip, ýatanda-da bilini 63,5 sm-den 40.5 sm-e çenli azaltmagy başarypdyr.
Amangül ŞIHIÝEWA,
“Daşoguzenergo” önümçilik birleşiginiň KAIG-niň hasapçysy.



