Siziň üçin...

Küştdepdiniň taryhy

25-02-2023 / 17

Küştdepdi — ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy. Şonuň üçin hem ol köplenç ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýöne käwagt oňa özleriniň şatlygy we joşgunlary bilen ýaşlardan birjik-de kem oturmaýan ýaşuly ýaşdaky adamlar hem goşulyşýarlar.

Tans ýaşlaryň we gyzlaryň hoş labyzly ýerine ýetirmeklerinde «gazal» aýtmaklaryndan başlanýar. Munda olar tansyň ilkinji akgynly hereketlerini edýärler. Olaryň töwereklerindäkiler sazlaşykly çapak çalmak bilen, olaryň ýerine ýetirýän hereketlerine syn edýärler. Her bir «gazalyň» ahyrynda olar biri-birini öjükdirýän ýaly we tansyň ritmne goşulýan ýaly däbe öwrülen «eý-ha», «uh-hu», «küşt-küşt» ýaly heňlerini aýdýarlar. Tans edilýän wagtynda tans edýäniň elleri biri-birine galtaşmaly däl. 

Tansyň döreýiş gözbaşlary müňýyllyklaryň jümmüşine siňip gidýär. Muny taryhy-arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar, taryhy ýazgylar hem doly tassyklaýar. Mysal üçin, antik döwre degişli Köne Nusaý galasyndan ýüze çykarylan badalarda döwre gurap, el çarpyp tans edýän şahandazlaryň keşpleri şekillendirilipdir.

Mundan başga-da, ylmy maglumatlarda 1055-nji ýylda beýik Seljuk şadöwletiniň soltany Togrulbegiň Bagdatda garşylanyş dabarasy mynasybetli tutulan uly toýuň hem-de onda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetiren täsin tanslaryň waspy ýetirilipdir. Abu-l-Faraj Ioan Grigoriý bar-Ebreýiň ýazgylarynda şeýle diýilýär: «türkmen ýigitleri örän täsirli halk aýdymlaryny aýdyp, gerçek ýigitler sazyň şowhunyna ilki bir dyzyny epip oturyp şowhunly el çarpdylar, soňra bolsa çalasynlyk bilen ýerinden turup, parlaýa-parlaýa aýlanyp tans edipdirler».

“Küştdepdi” we “Küştdepme” sözleriniñ ikisi-de halk arasynda ulanylýar.Olaryñ ikisi-de şol bir adalgany añladýar. Bu adalga “küşt” we “depmek” sözleriniñ birleşmesinden döräpdir. Küştdepmeler XX asyryñ altmyşynjy ýyllaryndan öñ, günbatar Türkmenistanda ýaşaýan ýomut-gökleñ türkmenleriniñ arasynda has ýögünli bolup, soñra uly meşhurlyga eýe bolup, döwletimiziñ beýleki welaýatlaryna-da ýaýrady.

Merjen DÖWRANGELDIÝEWA,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu