Psihologiýa

Çaga terbiýesi we reňkler

25-02-2023 / 13

Surat çekmek diňe bir reňke, görşüňe, deň ölçeglilige, giňişlik gatnaşyklaryna bolan duýgyny ösdürmän, eýsem çeperçilik dünýäsini terbiýelemäge  mümkinçilik berýär.

Okuwçylaryň mekdepde okap başlan ilkinji ýyllaryndan başlap reňki saýgaryş we görüş duýgusynyň has-da kämilleşýändigine gözegçilik etmek bolýar. Çaga üç-dört ýaşa ýeten wagtlary esasy gyzyl, sary, gök, ýaşyl reňkleri atlandyryp bilmeli. Çaganyň duýgusy uly adamyňky ýaly gaty bir öwüşginlere baý bolmaýar.

Şekillendiriş işleri çagada has irki döwürlerden, ýagny çagalyk döwründen başlanýar. Çagalar baglarynda, mekdeplerde şekillendiriş sungaty boýunça geçirilýän dersler örän ähmiýetlidir. Bu dersler çagalara gözellik terbiýesini bermegiň we körpeleriň çeperçiligini ösdürmegiň iň möhüm serişdesi bolup durýar. Şekillendiriş sungaty çagalaryň reňkleriň görnüşlerini öwrenmegine, olary dersde ulanmagyna we  akyl ýetirişini kämilleşdirýär. Reňk we galam bilen işlemek dersleri sazlaşykly guralanda, çagalaryň el hereketiniň ösmegine, reňk saýlamagyna, surat çekmegiň dürli usullaryny özleşdirmegine uly ýardam berýär. Bu ýagdaýlar çaganyň aňyýetine hem öz täsirini ýetirýär we onuň gözýetimini giňeldýär, ösdürýär.

Çaganyň döreden suratlary sada we örän täsirli bolýar. Onuň suratlarynyň reňklerinde şadyýanlyk bar. Ol adamlarda täsir galdyryjy duýgulary oýaryp bilýär. Çagalar has ýiti reňklenen oýunjaklary oýnamagy halaýarlar. Çaganyň reňk dünýäsinde höwesini kanagatlandyrmaly. Bu onuň kabul edijiliginiň ösdürilmegi hem-de reňkleri ýatda saklamagy üçin örän wajypdyr. Ol suraty dürli galamlar bilen çekýär, mysal üçin,  suratda dürli reňkdäki şekiller dörär: gök, gyzyl, gara. Çagalar hakykatdaky we suratdaky reňkleriň gabat gelmegini zerur hasaplamaýarlar. Reňke bolan bu gözellik gatnaşygy görnüşini üýtgedip, çaga üçin köp wagtlap wajyp zat bolup galýar. Reňkler bilen birinji gezek tanyşlyk çagalar üçin täsirli wakadyr. Ol her bir reňke täsin galmak bilen seredýär.

Güljemal AKMYRADOWA,
Saýat etrabynyň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu