Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek ýaly ugurlara aýratyn üns berýär.
Dürli edara-kärhanalar bilen birlikde, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda hem dürli çäreler guralýar. Mekdep okuwçylarynyň we çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleri barada wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çärelerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri köçe-ýol hereketiniň düzgünleri hakynda giňişleýin düşündiriş berýärler.
Döwrebap ýollaryň gurulmagy, iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşýan adamlaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir. Köçelerdir ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemmämize bähbitdir. Şonuň üçinem ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekde her birimiziň goşandymyz bolmalydyr.
Goý, mähriban halkymyz, il-günümiz hakynda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Döwran JUMAÝEW,
Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Türkmenabat şäher Polisiýa bölüminiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.