Siziň üçin...

Çagalar – durmuşymyzyň sütüni

24-02-2023 / 10

Öý-ojagy ala-ýaz edýän naşyja çagalar biziň bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň örki hasaplanylýar.

Ähli ýagşy arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy bolan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň gül-gunçalary, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri  üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çagalar hakyndaky alada  döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Danalaryň aýdyşy ýaly, nirede bagtyýarlyk, parahatçylyk bar bolsa, şol ýerde çagalaryň şadyýan sesleri, gülküleri has belentden ýaňlanýar. Çaga biziň dünýämiziň iň uly şatlygydyr. Çaga owazy, çaga gülküsi ähli owazlardan tapawutlanýar. Ol owaz, ol ses durşy bilen gudrat.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady ýüze sylmak parz hasap edilýändigi hakynda aýdylýar. Şol ýüze sylynýan durmuş pursatlarynyň biri hem täze dünýä inen çaga. Her bir zadyň öz görki bardyr. Öýüň görki, örki çagadyr. Maşgalanyň binýadynyň has-da berkemegi hem çaga baglydyr. Çaga — ynsanyň kalbyny, ömrüni, durmuşyny ýagtyldýar. Çagalaryň üýtgeşik, gyzykly, şadyýan dünýäsi kalbymyza ýakymlylyk, nuranalyk çaýýar.

Maral BEGMYRADOWA,
Daşoguz şäheriniň 28-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu