Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde sanly ulgama geçmek babatynda söwda ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda internet söwdany ösdürmäge hem-de ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Dünýäniň bölek we lomaý söwdasynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy täze, geljegi uly işewürlik nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda hem bu ugurda sanly ulgama geçmegiň depginleri barha ýokarlanýar. Munuň özi sarp edijileriň köpüsiniň sanly tehnologiýalara gyzyklanmasynyň artýandygy bilen şertlendirilendir. Olaryň isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bazarda üstünlikli bäsleşmek üçin öňdebaryjy sanly tehnologiýa çözgütlerini ulanmak bilen, bazar gatnaşyklarynyň täze gurallaryny ornaşdyrmak wajypdyr.
Mobil ulgamlarynyň täze nesli, öňki nesillere garanyňda, has peýdalydyr. Alyp görsek, geçen sanlyja ýyllarda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň 2G, 3G, 4G görnüşleri uly üstünliklere eýe boldy. Indi bolsa täze 5G görnüşde hem giňişleýin maglumatlary alyp bolýar.
Mobil ulgamlarynyň gündelik durmuşymyzy herekete getirip, sanly ykdysadyýeti ýeňilleşdirýän möhüm sosial hadysa öwrülendigine şaýat bolduk. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar pudaklaryň ösüşini barha güýçlendirýär. Tolkun aragatnaşygy, tor kodlaşdyryşy, hereketi dolandyrmak ýaly öňdebaryjy usullar ulgamda täze çemeleşmeler bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly aýratynlygy hem ylym-bilim ulgamynyň has oýlanyşykly ösdürilmeginde, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli ulanylmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynda, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň işiniň kämilleşdirilmeginde has-da aýdyň duýulýar.
Eziz AKMÄMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.