Gül suwy antioksidant häsiýetli nemlendirijidir. Ol özüniň ýakymly ysy bilen täzelenmek üçin ulanylýan tebigy ideg önümleriniň biri hasaplanýar.
Deriňizi has ýumşak we janly etmek üçin gündelik nemlendiriji hökmünde ulanýan kremiňize birnäçe damja gül suwuny goşup bilersiňiz. Şeýlelik-de, deriňizi has täze duýup, üýtgeşmäni görüp bilersiňiz. Ýada makiýažyňyzy aýyranyňyzdan we ýüzüňizi arassalanyňyzdan soň pagta topuna gül suwuny damdyryp, tonik hökmünde ýüzüňize sürtüp bilersiňiz. Bu usuly peýdalanmak arkaly deriňiziň has ýagty görünýändigini we gözenekleriňiziň arassalanandygyny görüp bilersiňiz.
Gözüňiziň berk we has janly bolmagyna kömek etmek üçin, gül suwy bilen garylan pagta ýassygyny gözüňiziň üstünde goýuň we biraz salym ýatyň. Spreý arkaly gül suwuny günde bir ýa-da iki gezek ýüzüňize sepiň. Gül suwy ýakymly ysy bilen sizi rahatlandyrar we deriňiziň has-da janly we owadan görünmegine ýardam eder. Duşdan çykanyňyzdan soňra kelläňizi gül suwy bilen owkalamak saçyňyzy janlandyrar we saç kökleriňizi iýmitlendirer.
«TürkmenGazet».