Şokoladda deriniň çeýe we ýylmanak bolmagyna ýardam edýän flawonoidler köpdür. Her gün 30 gram şokolad iýlende, deri bir aýyň içinde 20 göterim çeýelenýär.
Şokoladyň esasy düzüm bölegi bolan kakao ýagy deriniň ultramelewşe Gün şöhlesinden tebigy goraglylygyny üpjün etmäge ýardam edýän maddalaryň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Magniniň, kaliniň, kalsiniň, demriň, B witaminler toparynyň köp saklanýandygy sebäpli, şokolad ýürege düşýän agramy azaldýar, myşsalary we nerw ulgamyny pugtalandyrýar.
Gara şokoladyň ýürek diwarjyklarynda tromblaryň emele gelmegine päsgel berýändigi alymlar tarapyndan anyklanyldy.
Şokoladyň düzümine girýän teobromin we teofillin toksinleriň, zäherli galyndylaryň, artykmaç suwuklygyň endamdan çykarylmagyna itergi berýär. Şokoladyň ysy rahatlandyrýar, keýpiňi göterýär. Şonuň üçin lukmanlar ony ruhy taýdan duýgur bolan adamlaryň keselini bejermek üçin aromaterapiýada ulanýarlar.
Babamyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.