Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesli terbiýelemegiň dürli ugurlaryndan peýdalanylýar. Olar pedagogik usullary we döwrüň talaby bilen sazlaşdyrlyp alnyp barylýar. Çaga terbiýelemekde şeýle usullaryň biri-de çagalary çeper eserler bilen tanyşdyrmakdyr.
Perzent terbiýesinde bu usul, bir tarapdan, çagalara berilýän terbiýäniň hil derejesini ýokarlandyrsa, ikinji bir tarapdan, olaryň bilim derejesini, ösdürýär, sowatlylygyny artdyrýar. Çeper eserler çagalaryň gözýetimini giňeldýär, adamkärçilik duýgularyny oýarýar, dogry pikirlenmegi terbiýeleýär. Eseriň gahrymanynyň şahsyýetiniň içki dünýäsine gyzyklanma döredýär. Şeýle-de çagalaryň sözleýiş endiklerini, pikirleniş işjeňligini güýçlendirýär, söz gorlaryny artdyryp, dil baýlygynyň kämil bolmagyna getirýär. Çeper eserler bilen çagalaryň tanyşdyrylmagy, mazmunynyň sada we düşnükli dilde gürrüň berilmegi çagalaryň gözellik we ahlak duýgularynyň, sözleýiş endikleriniň, ýatkeşliginiň pugtalanmagynda öz oňyn taraplaryny ýüze çykarýar.
Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde halk döredijiligi hem esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Çagalaryň pikirlenmesini, sözleýiş endiklerini, duýgy-düşünjelerini terbiýelemäge ýardam berýär. Aýdymlaryň, läleleriň, tapmaçalaryň, ertekileriň, goşgularyň üsti bilen bolsa körpeleriň sözleýiş medeniýetiniň dogry kemala gelmegini, dogry ýola düşmegini gazanmak bolýar.
Şeýle işler amal edilýän döwri terbiýeçi sapagyň terbiýeçilik maksatlaryny ýatdan çykarmaly däldir: çagalaryň gürrüň edýän adamyň sözüni bölmän diňläp bilmegini, birek-biregi sylamagy öwretmelidir. Ynha, munuň özi bolsa çagalara jemgyýetçilik gatnaşyklaryny öwretmäge, olarda sabyrlylyk, kanagatlylyk ýaly ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemäge şert döredýär.
Çeper ýazylan edebi eserler çagalaryň gözýetimini giňeltmek bilen päk ýürekliligi, arassa pikirlenmegi terbiýeleýär we dil baýlygyny, sözleýiş endiklerini ösdürýär. Çeper eserleriň gyzykly edip okalyp berilmegi çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegine getirýär. Çeper eserler bilen tanyşdyrmagyň bolsa dürli tärleri bar. Muňa mysal hökmünde çeper eseri okap bermek, hekaýa etmek, ýat tutmak, labyzly okamak ýaly usullary bellemek bolar.
Olaryň içinden iň köp ulanylýany terbiýeçiniň okap bermegi, ýagny tekstiň çaga sözme-söz okalyp berilmegi we mazmun taýdan düşündirilmegidir. Kiçi göwrümli eserler bolsa terbiýeçi tarapyndan ýatdan aýdylyp bilner. Şu halatlarda terbiýeçi okajak eserini saýlap alanda hem ünsli bolmalydyr: çagalaryň ýaş aýratynlygy we diňläp bilmek başarnyklary göz öňünde tutulmalydyr. Çünki çagalaryň içki we daşky dünýäsi erkin, şol bir wagtyň özünde-de çylşyrymly bolýandyr. Käbir agyr hereketleriň uly ýaşly adamlarda argynlyk döredişi ýaly, çagalarda hem uzak wagtlap bir görnüşli ýagdaýda saklanmak aňsat düşmeýär.
Çeper edebiýatlardan peýdalanylanda ulanylýan hekaýa etme usulynda, tekst terbiýeçi tarapyndan gürrüň berilýär. Bu usulda eseri gysgaltmak, çaga has täsirli bolaýjak ýerleri alnyp, gyzyklandyryp, ýadatman gürrüň bermek bolýar. Ýat tutmak usuly, esasan, goşgulara mahsusdyr. Munda çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä goşgular öwredilip, ýat tutdurylýar.
Umuman, sapagyň dowamynda dürli usullary ulanmak mümkinçiligi bar. Okatmagyň we terbiýe bermegiň bu tärleriniň ählisi hem ýerine ýetiriliş hiline laýyklykda öz ähmiýetli taraplaryny ýüze çykarýar, sapagyň baý mazmunly, gyzykly we netijeli geçmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki döwürde-de, geljekde-de bilim-terbiýeçilik ulgamynda geçilýän sapaklaryň has netijeli bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň orny bellärliklidir. Edebe eýlenen, sünnä we çeper ýazylan bu kämil eserler okatmagyň ähli ugurlarynda peýdalanylsa hem özüniň ýokary we zerur täsirini ýetirýär, öz owazyny ýeterlik ýaňlandyryp bilýär. Çünki kämilligiň aňrybaş nusgasy bolan bu ajaýyp eserler diňe bir ýaş nesliň terbiýelenmeginde esasy serişde bolman, ähli ömürler, ähli döwürler üçin-de terbiýeçilik mekdebi, bilim-terbiýeçilik işgärleri üçin bolsa bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Ogulbossan GURBANOWA,
Garagum etrabyndaky “Akpamyk” atly 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, TDP-niň işjeň agzasy.