
- Aýryljak dost bermejek zadyňy dilär.
- Agsagyňam asmany depesi gelýändir.
- Her zat öz çäginden çyksa, soňy ökünçli bolar.
- Ala gargany ady bilen çagyr.
- Edebiň ýoguň — uýady ýok.
- Gazanylany gorap saklamak gazanmakdan kyn.
- Gorkagyň gylyjyndan batyryň bakyşy ýitidir.
- Dert ýamany sanjy, gep ýamany pyşyrdy.
- Seniň ömrüň hil derejesi durmuşa goşan goşandyň bilen ölçener.
- Bir ömri halas eden adam bir dünýäniň halasgäridir.
- Eger-de şatlygyňy paýlaşara adam bolmasa, üstünligiň hiç hili gadyry bolmaýar.
- Gutulgysyzlykdan gaçmaň. Ähli zady bolşy ýaly kabul ediň, sebäbi bolan zat bilen ylalaşmak diýmegiň özi eýýäm islendik betbagtçylygy ýeňip geçmäge sary ilkinji ädimi ätmekdir.
Toplan Ogulbibi KÄNÄÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-niň operatory.