Kanunçylyk

Geňeşli maslahat – ähmiýetli çözgüt

16-01-2023 / 8

Häzirki wagtda biziň jemgyýetimiziň öňünde Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun eýelejek ýene bir möhüm wezipe durýar.

Bu hakda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda geçirilen bilelikdäki maslahatynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: “Size mälim bolşy ýaly, biz mundan iki ýyl ozal döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan parlamenti iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşine öwürdik. Häzirki döwürde olar öz wezipelerini üstünlikli amala aşyrýar. Emma ösüp-özgerip barýan döwür ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny hem yzygiderli kämilleşdirip durmagy talap edýär. Bizem döwrüň şu talaplaryndan ugur almalydyrys. Şoňa görä-de, men halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip edýärin”.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren bu teklibi esasynda Konstitusiýamyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyz döwrüň tanymal syýasatçysy, parasatly ýolbaşçy bolmak bilen, döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, milli demokratiýany giňeltmek, halkyň döredijilik kuwwatyny beýik ösüşlere gönükdirmek, ýurtda jemgyýetçilik ylalaşygyny we asuda durmuşy üpjün etmek ýaly taryhy ähmiýetli ägirt uly maksatnamalary amala aşyrmakda örän tejribeli, belent mertebeli şahsyýet hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Milli Liderimiziň durmuşa geçiren özgertmeleri täze, rowaç durmuşy üpjün etmegiň synagy boldy we olaryň netijesi jemgyýetimiziň ösüş ýoluna kesgitleýji täsir etdi.

Ýurdumyzda iki palataly parlamentiň döredilmegi hem milli parlamentarizmi ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga wekilçilikli gatnaşmagy babatdaky tejribäni baýlaşdyrmak ýaly örän ähmiýetli syýasy-hukuk işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna uly täsir etdi. Parlamentarizmi ösdürmekde ýaşlaryň, zenanlaryň ornuny giňeltmäge ýardam berdi, halkyň arasynda ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynyň işi baradaky düşünjäni has-da çuňlaşdyrdy. Bu gün şol tejribeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämillige tarap ugur alan ösüş ýoluny üstünlikli dowam etdirmegiň binýady bolup durýar. Gazanylan netijeler ynamly öňe gitmegiň kepilidir.

Döwletgeldi ALLABERDIÝEW,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu