
Hlorella — mikroskopiki suw ösümlikleriniň köp sanly maşgalasynyň wekili. Ony beýleki görnüşler bilen deňeşdirilende, suw ösümlikleriniň şertlerine tiz taýýar bolýan ösümlikleriň hataryna degişli etmek bolar. Ähli ösümlikleriň arasynda hlorellany köp görkezijileri boýunça birinji orunda goýmak bolar.
Häzirki wagtda bütin dünýäde daşky gurşawy goramak meselesine çynlakaý çemeleşilýär. Atmosfera zyňylýan gazlaryň mukdaryny azaltmakda bir öýjükli suwoty bolan hlorellanyň ähmiýeti örän uludyr. Ol özüniň ösüş döwründe kömürturşy (CO2) gazy bilen iýmitlenip, kislorody (O2) bölüp çykarýar. Hlorella 1 kilogram mukdarda kömürturşy gazyny sorup alanda, 727,3 gram kislorod bölüp çykarýar. Atmosfera zyňylýan zyýanly gazlaryň biri bolan kömürtuşy gazyny ulanyp, ekologiki taýdan arassa hem-de galyndysyz önüm almak mümkinçiligi ýüze çykýar. Mundan başga-da, hlorella adam bedeninde örän wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Ol maldarçylykda, guşçulykda, balaryçylykda, balykçylykda, esasan, iýmitlere biologiki işjeň madda görnüşinde goşulyp, olaryň kesellere garşy göreşijilik ukybyny hem-de önümliligini ýokarlandyrmak maksady bilen giňden ulanylýar. Topragyň hasyl berijiligini, tohumlaryň gögerijiligini ýokarlandyrmak üçin peýdalanylýar. Soňky ýyllarda hlorella kosmetologiýada we bioýangyç öndürmekde hem giňden ulanylýar.
Aýjeren ILLIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



