Iň güýçli antioksidantlardan biri bolan kekik ýagy gadymy döwürlerden bäri dermanlyk ösümlik hökmünde ulanylyp gelinýär. Adamlaryň arasynda çaýda ýa-da naharda ýakymly ys hökmünde ulanylýan ösümlik bolan kekik, agyryny ýeňilleşdiriji häsiýete eýedir. Adatça iýmitlerde we kosmetika serişdelerinde konserwant hökmünde ulanylýan bu ösümligiň ýagy, immunitet ulgamyndan dem alyş ýollaryna, deri kesellerinden başlap, streslere çenli birnäçe ugurlarda täsirli.
Kekik ösümliginden alnan we efir ýagy hökmünde giňden ulanylýan ýagy, antioksidant düzümi sebäpli agyryny aýyrmakda diýseň täsirli. Ösümligiň ýagy iýmit bilen iýmitlenýän bakteriýalary azaltmak hem-de ony ýok etmek, ýürek saglygyny berkitmek, bedendäki çişleri aýyrmak ukybyny üçin birnäçe gözlegler geçirilip, subut edildi. Kekik ýagy, «Timus vulgaris» diýlip atlandyrylýan köp ýyllyk ösümligiň ýapraklaryndan we güllerinden alynýar. Kekigiň ýagy antiseptik, antibakterial, antifugal we köşeşdiriji häsiýetlere eýedir.
Kekik ýagy güýçli antioksidant häsiýetleri bilen bil agyrysyny aýyrmakda örän täsirli. Bir nahar çemçesi kekir ýagyny we şol bir mukdarda zeýtun ýagyny garyşdyryp, biliňize sürtseňiz, bil agyryňyndan tiz gutularsyňyz.
Kekik ýagynyň dürli düwnük kesellerine täsir edýändigi mälimdir. Rak öýjüklerinden goraýar, mikroblara we ýokançlyklara garşy göreşýär. Kekik ýagy süňk kesellerinde we rewmatiki agyrylarda-da ulanylyp bilner. Kekik ýagyny dem alyş ýollarynda ulanmak bilen, bronhit ýaly keselleriň bejerişini çaltlandyryp bilersiňiz. Mundan başga-da, üsgülewikden we düwürtiklerden gutulmaga kömek edýär.
Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.