Sagdyn durmuşSlider

40 ýaşdan soň ýaşaýyş durmuşyňy üýtgetmeli

04-12-2022 / 12

Adamlaryň belli bir ýaşda zyýanly iýmitleri iýmegi we yzygiderli spirtli içgileri içmeginiň soňy ýaramaz netijelere getirip bilýär. Bu barada rus lukmany, terapewt Mariýa Çernýaýewa habar berdi.

Lukmanyň pikirine görä, 40 ýyldan soň adam bedeni öňküsinden tapawutlanyp işläp başlaýar. Sebäbi organlarda we dokumalarda käbir möhüm prosesler kem-kemden haýallaýar. 40 ýaşdan soňra metabolik prosesler haýallap, bedenden has erbet aýrylyp başlaýar. Dokumalar dikeldilýär, ferment işjeňligi azalýar, insulin has erbet öndürilýär. Bu üýtgeşmeleriň netijesinde-de, adam käbir iýmitleri, esasanam ýagly we süýji iýmitleri doly siňdirip bilmez.

Kebap ýaly ýagly iýmitleriň köp bölegini iýmekden saklanmalydyrys. Alkogol içgileriniň netijelerini çişme, kelle agyry ýaly görnüşlerde duýup başlaýarys. Adam bu döwürde iýmitlenişini we ýaşaýyş durmuşyny üýtgetmese, bedeniniň agramy artyp bilýär.

Mariýa Çernýaýewanyň sözlerine görä, ortaça 40 ýaşdan uly adam iýmitlenişini we ýaşaýyş durmuşyny göz öňünde tutmalydyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu