Tehnologiýa

Tehnologiýa dünýäsinde

30-11-2022 / 16

Hytaýyň günorta-günbatarynda, Gimalaý daglarynyň eteginde gyzyl panda diýlip atlandyrylýan pandanyň kiçiräk görnüşi ýaşaýar. Iňlis dilinde ol pandanyň atlandyrylyşy «Firefox». Hut şu at hem dünýäde meşhur internet brauzerini döredijileri ruhlandyrypdyr we olar öz döreden brauzerine şol pandanyň adyny dakypdyrlar.

* * *

Ilkinji magnitafon 1956-njy ýylda döredilipdir we onuň möçberi pianinonyň göwrümine barabar bolupdyr.

* * *

Ekranyň ýüzündäki hat, kagyz ýüzündäki hatdan 10 göterim haýal okalýar.

* * *

Kompýuteriň syçanjygy Duglas Engelbart tarapyndan 1964-nji ýylda döredilýär. Ýöne syçanjygyň kompýuteri ulanyjylaryň arasynda meşhurlygy gazanmagynda Stiw Jobsyň hyzmaty uludyr.

* * *

1024 gigabaýt 1 terabaýta deňdir. 1024 terabaýt bolsa 1 petabaýta deňdir. 1 petabaýtda 13,3 ýyla barabarlyk HDTV ölçegdäki wideo maglumat ýerleşdirip bolýar.

* * *

Ilkinji internet brauzeri «Netscape Navigator» diýlip atlandyrylypdyr we ol 1994-nji ýylda ulanylyşa girizilipdir.

* * *

Ykjam telefonlaryny öndürmekde dünýä meşhur «Nokia» şereketi 1865-nji ýylda esaslandyrylandyr. Uzak ýyllaryň dowamynda bu şereket diňe kagyz önümçiligi bilen meşgullanypdyr.

* * *

Taryhda ykjam telefonyndan ilkinji gezek jaň «Motorola» şereketiniň işgäri Martin Kuper tarapyndan 1973-nji ýylda amala aşyrylypdyr. Ol Nýu-Ýorkuň köçeleriniň birinden ykjam telefonyndan jaň edipdir.

Taýýarlan: Begnazar REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu