Sagdyn durmuşSlider

Bedenimiz üçin kaliý hökmanymy?

26-11-2022 / 15

Adam bedeniniň işjeňligini kadaly ýerine ýetirmegi üçin witaminler, uglewodlar, beloklar, ýaglar bilen bilelikde mineral duzlar, şol sanda kaliý hem zerur gerekdir. Eýsem, bu element bedene näme üçin gerek?

Kaliý ýetmezçilik edende bedende nähili bozulmalar ýüze çykyp bilýär?
Bedeniň kadaly işini üpjün etmekde kaliý elementiniň uly ähmiýeti bardyr. Kaliý:
— suw-duz alyş-çalşynyň sazlanmagyna (regulirlenmegine) gatnaşýar;
— turşulyk-aşgarlylyk derejesiniň kadaly ýagdaýda saklanylmagyna ýardam edýär;
— ýüregiň işine, onuň kadaly ýygrylmagyna ýardam edýär;
— çişleri gaýtarýar;
— nerw we myşsa dokumalarynyň, beýni öýjükleriniň, damarlaryň, içki sekresiýa mäzleriniň, bagryň işini goldaýar;
— käbir fermentleriň işlenilip çykarylmagyna gatnaşýar;
—toksinleriň, zäherli iýmit galyndylarynyň endamdan çykarylmagyna itergi berýär;
— akyl zähmetine ukyby artdyrýar;
— arterial gan basyşyny peseldýär;
— bedeni kuwwatlandyrýar, ony gündelik zerur bolan energiýa bilen üpjün etmäge gatnaşýar, ýadawlygy aýyrýar.
Her bir adamyň kaliý elementine talaby onuň bedeniniň agramyna, işjeňligine we umumy fiziologik ýagdaýyna baglydyr. Uly ýaşly adamlara kaliniň gije-gündizki talap edilýän ortaça mukdary 1,5-2,5 grama barabardyr.
Mälim bolşy ýaly, bedendäki ýaşaýyş üçin derwaýys gerek bolan maddalar öz funksiýasyny bir-biri bilen utgaşyklykda işlemek arkaly ýerine ýetirýär. Kaliý babatynda-da hut şuny aýtmak mümkindir. Bu elementiň kadaly işlemegi üçin bedende natriý elementiniň hem talap edilýän mukdarda bolmagy, has takygy kaliý-natriý deňeçerliginiň (1:2 gatnaşykda) saklanmagy möhümdir.
Eýsem, kaliý elementiniň ýetmezçilik etmegi, kaliý-natriý deňeçerliginiň bozulmagy bedende nähili näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär? Deriniň guramagy, saçlaryň tebigy öwüşginini ýitirmegi, deriniň ýygy-ýygydan şikeslenmegi we zeperlenen meýdançalaryň örän haýal dikelmegi, ýarajyklaryň çalt bitmezligi gündelik iýmit arkaly kaliniň ýeterlik mukdarda kabul edilmeýändigini güman etdirýär. Degişli barlaglaryň netijesiniň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulandygyny, ýürek urgularynyň seýrekleşendigini, aşgazanyň başly ýaralarynyň emele gelendigini, arterial gan basyşynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezmegi bolsa bu çaklamanyň dogrudygyny tassyklamaga esas berýär. Kaliý ýetmezçilik edende adam tiz ýadaýar, bedeni gowşaýar. Bedende bu element talap edilýän mukdarda saklanylmadyk ýagdaýlarynda kofäni, alkogolly içgileri içmäge meýillilik artýar. Kaliý elementiniň gündelik ulanylýan mukdarynyň kadadakydan ýokarlanmagynyň hem saglyga uly howp salýandygyny ýeri gelende bellemeli. Bu ýagdaýda ýüregiň, böwrekleriň işi bozulýar, peşew ýollarynda daşlaryň döreme howpy ýokarlanýar.

Şöhrat AŞYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu