Ir-iýmişdir miweler, gök we bakja önümleri bir-birinden diňe tagamy, daşky görnüşi bilen däl-de, eýsem, reňki, bedene ýetirýän täsiri boýunça-da tapawutlanýarlar. Sebäbi olaryň düzüminde saklanýan witaminleriň, makro-mikroelementleriň, fermentleriň, antioksidantlaryň görnüşi we mukdary birmeňzeş däldir. Önümde haýsy maddanyň saklanýandygyny onuň reňkine seredip bilip bolýandyr.
Ak reňkli önümlerde reňk beriji maddalar azdyr ýa-da asla ýokdur. Ýöne munuň özi olaryň peýdasyzdygyny aňlatmaýar. Düzümindäki fitonsidler, flawonoidler, selen olary nerw, ýürek-damar ulgamlarynyň näsazlyklarynyň öňüni almakda, immuniteti pugtalandyrmakda üstünlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bugdaýda, mekgejöwende, ak reňkli ösümlik önümlerinden sarymsakda, turpda köp mukdarda saklanýan selen E witamininiň özleşmegini çaltlandyrýar, deriniň, saçyň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrýar, öýjükleriň sagdynlygyny üpjün etmäge gatnaşýar. Fitonsidler kesel dörediji bakteriýalary ýok edýär, ýiti respirator kesellerden goraýar. Allisin gandaky «ýaramaz» holesteriniň derejesini peseldýär, gaýnaglama garşy täsir edýär. Flawonoidler ýüregiň işine itergi berýär, nerwleri rahatlandyrýar. Flawonoidler, fitonsidler, selen, allisin belli bir mukdarda ak soganda we adaty kelemde hem saklanýar. Şoňa görä, ýiti respirator wirusly ýokançlaryň, ýiti respirator keselleriň köpçülikleýin ýaýraýan güýz-gyş pasyllarynda gündelik iýmitiňde bu önümleri ýeterlik mukdarda ulanmak maslahat berilýär.
Açyk gökden melewşä çenli reňkleri berip bilýän fenilfenol we antosian glikozidleri garalyda, badamjanda, çernikada köp mukdarda saklanýar. Antosianlar öýjükleri sagdynlaşdyrýar, çiş döreme hadysalaryny bökdeýär, görejiň kütelmeginiň öňüni alýar, ýüregiň we kelle beýnisiniň damarlaryny arassalaýar, insultyň, infarktyň, göz keselleriniň döremek ähtimallygyny azaldýar.
Alym biologlar fenolik we antosian glikozidleriniň peýdalydygyny göz öňünde tutup, gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişdir miweleriň düzüminde bu maddalaryň belli bir mukdary saklanýan reňkleýjilere baý melewşe reňkli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny işläp düzýärler. Olaryň ylmy çözgütleriniň esasynda döredilen önümlere, meselem, üljäniň, üzümiň, burçuň, kelemiň, soganyň, ýeralmanyň melewşe reňkli görnüşleri degişlidir.
Ýaşyl reňkli gök we bakja önümleriniň, ir-iýmişdir miweleriň arasynda gök almadyr armyt, kiwi, laým, awokado, brokkoli kelemi, hyýar, göktereň (kabaçok), guradylmadyk nohut, ysmanak, ter gök otlar bardyr. Bu önümler lýuteine, indola, likopine, beta-karotine, B witaminler toparyna baýdyr. Alymlaryň tekrarlamagyna görä, bu ösümliklere ýaşyl reňk berýän maddalar damarlaryň tonusyny sazlaşdyrýar, süňkleri berkidýär, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar. Olaryň ýene-de bir artykmaçlygy ganda eritrositleriň ýeterlik mukdarda saklanmagyny üpjün edýän hlorofilleriň emele gelmegine gatnaşýandygy bilen baglanşyklydyr. B witaminler toplumy bolsa bedeniň fiziki we psihiki ösüşine itergi berýär, nerw, aşgazan-içege, göz, gan, deri ulgamlaryna, myşsalara oňyn täsir edýär, dowamly nerw dartgynlylygynda, ýadawlykda peýdaly. Ýaşyl reňkli ösümlikler, aýratyn hem, brokkoli kelemi, ysmanak, suw ösüntgileri gözüň torly bardasynyň gyzarmagynyň, ganjarmagynyň, görejiň kütelmeginiň öňüni almaga kömek edýär.
Gyzyl reňkli önümler likopiniň we antosianiniň täsiri bilen emele gelýär. Olaryň reňki düzümindäki mukdaryna baglylykda gülgüneden goýy gyzyl reňke çenli üýtgäp bilýär. Likopin garrama hadysasyny bökdeýän, beden öýjüklerinde, ýürek-damar ulgamynda ýüze çykyp bilýän näsazlyklaryň, göz, çiş keselleriniň öňüni almaga ýardam edýän, ýatkeşligi gowulandyrýan maddalara degişli bolup, esasan garpyzda, pomidorda, şugundyrda, ýertudanada, zirkde, itburunda, smorodinada, gyzyl almada, bolgar burçunyň dürli görnüşlerinde saklanýar. Bu ösümlikler bedende bolup geçýän alyş-çalyş hadysalaryny gowulandyrmaga, gan damarlarynyň işjeňligini artdyrmaga ýardam edýär. Gaýnadylyp ýa-da buglanylyp bişirilen gyzyl reňkli önümlerde likopin maddasy ter görnüşindäkä seredilende köpdür.
Sary we narynç reňkli gök-bakja önümleri, miweler endokrin we ýürek-damar ulgamlarynyň işine oňyn täsir edýän, damarlaryň diwarjyklaryny pugtalandyrýan, arterial gan basyşynyň kadaly ýagdaýda saklanmagyna ýardam edýän bioflawonoidlere baýdyr. Olaryň düzüminde glikozidler, karotenoidler, beta-karotin hem köpdür. Bu önümler immuniteti pugtalandyrýan, sowuklama garşy täsiri eýe bolan, demriň özleşmegine itergi berýän С witamininiň, bagry, öthaltasyny, böwrekleri, göz ulgamyny işjeňleşdirýän, der we ýag mäzleriniň işini kadalaşdyrýan, howply çişleriň döremek töwekgelligini azaldýan A witamininiň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Sary reňkli bakja önümlerinde: käşirde, kädide, mekgejöwende, gawunda beta-karotin köpdür. Bu madda saçyň, dyrnaklaryň, deriniň ýagdaýyny gowulandyrýar. Narynç reňkli ir-iýmişdir miweler lýuteine baýdyr.
Sary we narynç reňkli ösümlik önümleri gözellik, tämizlik, sagdynlyk serişdeleri hasaplanylýar. Sebäbi şeýle önümlere degişli bolan limon, banan, mandarin, apelsin, hurma, şetdaly, ananas, mango, erik, sary reňkli bolgar burçy, kädi, käşir derini arassalaýar, çeýeleşdirýär, ýygyrtlary aýyrýar, saçlara owadan öwüşgin berýär, olaryň düşmeginiň öňüni alýar, dyrnaklary pugtalandyrýar, adamyň keýpini göterýär, ýadawlygyny aýyrýar, çakyzada kömek edýär.
Zubeýda AÇILOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 206-njy toparynyň talyby.