
Tebigatyň bize bagyş eden iň gowy iýmitleriniň biri hem miwelerdir, olaryň düzüminde bar bolan köp sanly witaminler we minerallar biziň saglygymyza uly täsir edýär. Esasan hem gyş aýlarynda miweleri ýeterlik mukdarda iýmek bizi her dürli kesellerden goraýar.
- Pomidorlar, gök-önüm diýlip bilinse-de, olar hem miweleriň hataryna degişli bolup, dünýäde iň köp iýilýän miweleriň biridir.
- Banan, siňdirilmesi ýeňil we witaminlere baý bolanlygy sebäpli, çagalara berilýän miwedir.
- Mango miwesi köp ýurtlarda iýilýän miweleriň arasynda birinji hatarda durýar.
- Latyn dilinde erik diýmek “Gymmatly” diýmekligi aňladýar.
- Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren bir garpyzyň agramy 159 kilogramdyr.
- Haçan-da, almany suwa atanymyzda, ol suwuň ýüzünde durýar, sebäbi, almanyň 25 göterimi howadyr.
- Ýaponiýada alnyp barlan gözleglere görä, injir miwesiniň garrylygyň öňüni almaga täsiriniň bardygy subut edildi.
- Bir sany injiriň ýokumlylygy bir bulgur süýde barabardyr.
- Kiwi miwesi pyrtykala garanyňda C witaminine iki esse baýdyr.
- Üzümiň düzüminde ynsan bedenini täzeleýji maddalar ýerleşýär.
Aýnur MIRZAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby.